HOWDANA ILKINJI MILLIARD KUB METR SUW TOPLANDY!

photo

Lebap welaýatynyň günorta-gündogaryndaky «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy» adyndaky suw howdanyna gyşky suw toplamak işleri çalt depginlerde alnyp barylýar. TDH-nyň habarçysyyna emeli kölüň direksiýasynda gürrüň bermeklerine görä, häzirki wagtda howdana Amyderýanyň her sekuntda 250-260 kub metr suwy ýygnalýar. Şu güne çebli emeli howdandaky tenekar suwuň gory 1,2 milliard kub metre ýetdi.

Amyderýanyň suwy bu ýere ini 120 metr we uzynlygy 40 kilometrden gowrak iri sepleýji kanaldan gelýär. Ekinleriň ýazky-tomusky ösüş döwrüne çenli bu ýerde 2 milliard kub metrden gowrak Amyderýa suwuny toplamak göz öňünde tutulýar, munuň özi täze ýerleriň özleşdirilmegini gö öňünde tutmak bilen Türkmenistanyň suwlylandyrylýan ýerleriniň barha artýan talaplaryny üpjün etmäge saldamly goşant bolar.

Emeli suw howdany Amyderýa suwuny Garagum derýasyndan Mary, Ahal, Balkan welaýatlaryna tutuş ýylyň dowamynda möwsümleýin talaplara laýyklykda arassalanan suwy üznüksiz berip, öz wezipesini takyk ýerine ýetirýär.

Häzirki wagtda bu ýerde, Zeýitde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň suw pudagynyň işgärleriniň öňünde goýan täze wezipesi üstünlikli durmuşa geçirilýär -- «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy» adyndaky suw howdanynyň ikinji nobatdakysy gurulýar. Onuň tamamlanmagy bilen emeli köle 3,5 milliard kub metrden gowrak Amyderýa suwy toplanylar.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)