GURBANNAZAR EZIZOWY HATYRALAP: BAHAR YLHAMY

Daragtlar pyntyk ýaryp, näzik güller köňül joşdurýan baharyň ilkinji güni – 1-nji martda ajaýyp türkmen şahyry Gurbannazar  Ezizow dünýä inipdi (1940-1975 ýý.). Tutuş 2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzda türkmenistanlylaryň ençeme nesliniň halaýan şahyrynyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi...

 

Eýýäm güneş batypdyr.

Aý-da agyl atypdyr.

Garagolja Serdarym

Süýji uka batypdyr.

 

Şu  gün  Aşgabadyň 21, 132 we 134-nji orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň taýýarlan  kiçeňräk  spektaklyna « Uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi» goşgusy özboluşly sazlaşyk berdi. Şahyryň doglan gününiň 81 ýyllygy mynasybetli Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar  kitaphanasynyň işgärleriniň guran «Şahyr we tebigat» atly çäresine ýokarda agzalan mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar.

Çäräniň çäklerinde okuwçylar Gurbannazar Ezizowyň dogduk diýaryň tebigatyna bagyşlanan goşgylaryny okadylar. Onuň «Oglanjyk we deňiz», «Sähram», «Uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi» » we beýleki goşgylary labyzly okaldy. Şeýle hem türkmen topragynyň gözel tebigatyna bagyşlanan sahnalar görkezildi.

Kitaphananyň işgärleri Leýla Annamyradowa bilen Merjen Garaberdiýewa şahyryň ömrüniň şanly sahypalary barada gürrüň berdiler. Olar Gurbannazar Ezizowyň döredijiliginiň ýaş  muşdaklaryna «Uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi» goşgysynyň döreýiş taryhy barada gürrüň berdiler... Şahyryň dört gyzy bardy, ýöne ogul arzuwyndady, şonuň üçinem heniz dünýä inmedik ogluna bagyşlap goşgy ýazypdy. Onuň ogly Serdar şahyr wepat bolandan birnäçe hepde soň dünýä indi...

Gurbannazar Ezizowyň poeziýasy bilen tanşan ýetginjekler we  gyzlar onuň üýtgeşik zehininiň muşdagy bolarlar, şahyr ýaly çeper Sözüň gadyryny bilerler, milli medeniýetiň baýlygyna düşünmäge çalşarlar, özi üçin türkmen edebiýatynyň baý dünýäsini açarlar.

Tamara GLAZUNOWA

Gurbannazar Ezizowy hatyralap: bahar ylhamy (turkmenistan.gov.tm)