GAZAGYSTANDA TÜRKMEN TALYPLARY BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 29-njy martynda, 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan watandaşlarymyz we Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary üçin onlaýn-duşuşyk gurnaldy.
Çäräni açmak bilen, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepow “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler hem-de Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy we beýleki wajyp senelere bagyşlanan çäreler barada gürrüň berdi.
Duşuşykda talyplar hem çykyş etdi. Olar öz çykyşlarynda ýaş nesil hakynda edýän atalyk aladalary üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler.
Şeýle-de Almata we Karaganda şäherlerinde ýerleşýän türkmenleriň jemgyýetçilik we medeni merkezleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Olar Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini buýsanç bilen belläp, Ilçihana tarapyndan gurnaljak çärelere işjeň gatnaşmaga isleg bildirýändikleri barada aýtdylar.
Çäräniň ahyrynda talyplaryň taýýarlan konserti geçirildi.