ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP FUTBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

photo

2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Tokaý uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan futbol ýaryşyny geçirdi. Ýaryşa Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem Tokio şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Bu sport çäresi ýaşlaryň arasynda sport işjeňligini, bedenterbiýe we sagaldyş hereketini ösdürmek, şeýle hem jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek we bu ugur boýunça döwletleriň hem-de halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen geçirildi.

Habarlar (neutrality.gov.tm)