ANKARADA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITAPLARYNYŇ TÜRK DILINDÄKI NUSGALARYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde Ankara uniwersitetiniň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Ankara uniwersiteti tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” we “Türkmeniň döwletliliik ýörelgesi” atly kitaplarynyň türk dilindäki nusgalarynyň tanyşdyrylyş maslahaty, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, 2021-nji ýylyň ýurdumyzda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň we türkmen döwletiniň medeni gymmatlyklarynyň sergisi gurnaldy.

Maslahata Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň baş geňeşçisi Ýa.Topçu, Ankara uniwersitetiniň rektory N.Ünüwar, Türkiýäniň Parlamentiniň türkmen-türk dostluk toparynyň ýolbaşçysy I.Aýdemir, Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Ukrainanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçileri, türkmen talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi I.Amanlyýew öz çykyşynyň dowamynda döwletimizde  wajyp senelere bagyşlanan çäreler barada aýdyp berdi. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini beýan edýän wideorolik hem görkezildi.

Türk tarapyndan çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň türkmen we türk halklary üçin möhüm ähmiýete eýedigi barada nygtadylar.

Habarlar (neutrality.gov.tm)