NUR-SULTAN ŞÄHERINDE ULY TENNIS BOÝUNÇA SPORT ÝARYŞLARY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde Nur-Sultan şäherinde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň Gazagystanyň uly tennis boýunça federasiýasynyň respublikan jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde gurnamagynda Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp uly tennis boýunça sport çäresi geçirildi.
Ýaryşa Nur-Sultan şäherinde akkreditirlenen diplomatik missiýalaryň wekilleri gatnaşdy.
Çäräniň başynda Türkmenistanyň Ilçisi B.Rejepow gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň sport syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň türkmen türgenleriniň dünýä sportunda işjeňliginiň ýokarlanmagyna getirendigi, Türkmenistanda iri halkara ýaryşlaryň, şol sanda dünýä hem-de Aziýa çempionatlarynyň geçirilýändigi barada gatnaşyjylara gürrüň berdi.
2021-nji ýylda Türkmenistanyň halkara sport senenamasynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde Dewisiň kubogynyň halkara tennis ýaryşynyň we Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi bellenilen.
Soňra gatnaşyjylar uly tennisiň inçe syrlary we ähli aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.