GRUZIÝADA GOLF BOÝUNÇA HALKARA ÝARYŞY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy «Gruziýanyň höwesjeň we korporatiw sporty ösdürmek bileleşigi» bilen bilelikde her ýyl Türkmenistanda geçirilýän aýlyk köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik-medeni çärelere, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we 2021-nji ýyly - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan golf boýunça halkara ýaryşyny geçirdi.

Bu ýaryşa Gruziýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, Gruziýanyň işewür toparlary, dürli ýurtlardan höwesjeň türgenler gatnaşdy. Ýaryşlar ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan şöhlelendirildi.

Ýaryş başlamazdan ozal gatnaşyjylar golfyň Türkmenistanda örän meşhurdygyny, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň başlangyjy esasynda golf-klubunyň açylandygyny bellediler.

Türkmenistanda sportyň ýokary derejelere ýetmeginiň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösmeginiň, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üçin giňişleýin çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýandygy bellendi.

Ýaryşyň ahyrynda ýeňijilere baýrak gowşurylyş dabarasy boldy.

Habarlar (neutrality.gov.tm)