img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

SYNAG OTLUSY ÖZBEGISTAN – TÜRKMENISTAN – EÝRAN – OMAN ÝOLY BILEN GEÇER

photo

Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam respublikasynyň demirýol müdirlikleriniň wekilleriniň nobatdaky wideoduşuşygy boldy. Bu barada Azerbaýjanyň “Report” saýty habar berýär.

Wideomaslahata gatnaşýanlaryň üns merkezinde Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman koridory (Aşgabat ylalaşygy) boýunça synag otlusynyň geçirilişini guramak meselesi boldy.

Daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, ýük otlularynyň gatnawyny has ýeňilleşdirmek meselesinde taraplar özara düşünişdiler. Olar şeýle-de Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam respublikasynyň demirýol müdirlikleriniň ýolbaşçylarynyň 2020-nji ýylyň 21-nji maýynda bolup geçen duşuşygynyň teswirnamasynyň ýerine ýetirilişine baha berdiler.

Synag otlusy Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman ýoly bilen geçer (turkmenistan.gov.tm)