METÝU BRAÝZA: «DOSTLUK» ÝATAGY BOÝUNÇA YLALAŞYK TÜRKMEN GAZYNYŇ GÜNBATAR ÝURTLARA EKSPORT EDILMEGINE MÜMKINÇILIK DÖREDÝÄR

photo

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» nebit-gazly ýatagy babatda ylalaşyk gazanylmagy türkmen gazynyň Günbatar ýurtlaryna iberilmegine mümkinçilik döredýär. Bu barada Amerikanyň Azerbaýjandaky ozalky ilçisi, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa işleri boýunça kömekçisiniň ozalky orunbasary Metýu Braýza Report azerbaýjan saýtynyň sowallaryna beren jogabynda aýtdy.

Diplomat: «Bularyň ählisi Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda «Dostluk» nebit-gazly ýatagy bilelikde özleşdirmek boýunça ylalaşygyň gazanylmagy netijesinde mümkin boldy. «Dostluk» ýatagy babatda jedel syýasy päsgelçilik bolupdy we ýeke bir nebit we gaz ulgamynda däl, eýsem, beýleki birnäçe meseleler boýunça-da iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga päsgelçilik döredipdi. Indi şol päsgelçilikler aradan aýrylansoň bazar, ykdysady gatnaşyklarynyň serişdeleri ýeke bir «Dostlukdan» däl, Hazar deňziniň türkmen böleginiň birinji toplumyndanam tebigy gazyň Günbatara eksport edilmegine mümkinçilik berer»- diýdi.

Onuň sözlerine görä, Azerbaýjan türkmen gazyny ýurduň içinde, ylaýta-da, çalt ösýän nebit-himiýa senagatynda ulanmak üçin satyn almakçy bolýar. Türküýe bolsa eýýäm 30 ýyl bäri Türkmenistanyň tebigy gazyny satyn almaga isleg bildirýär.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça golaýda geçen Halkara maslahatynyň netijelerine baha berip, Braýza bu forumyň Uly Hazar hem-de onuň çäginden daşardaky sebit maýadarlary üçin öz ykdysadyýetini açmakda Türkmenistanyň Hökümetiniň taryhy möhüm ädimi bolandygyny nygtady.

Ol şol maslahatda Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR-yň) prezidenti Rownag Abdullaýewiň eden çykyşyny aýratyn belledi. Metýu Braýzanyň pikirine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de «Тürkmengaz» Döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow bilen Abdullaýewiň duşuşygynda türkmen tebigy gazyny Günbatara eksport etmäge hemaýat bermekde taraplaryň ikisiniňem umumy meýilnamalary barada aýdan beýanatlary örän wajypdyr.

Amerikan diplomanty: «ABŞ-nyň hökümetindäki kärdeşlerim, şol sanda özümem şeýle Hazarara hyzmatdaşlygyny goldaýaryn» - diýip, belledi.

Metýu Braýza: «Dostluk» ýatagy boýunça ylalaşyk türkmen gazynyň Günbatar ýurtlara eksport edilmegine mümkinçilik döredýär (turkmenistan.gov.tm)