DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR

photo

Şu gün “Aşgabat” seýilgähi bilen Özbegistanyň doganlaşan şäheri bolan Daşkendiň “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähiniň arasynda Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda sanly ulgam arkaly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu çärä Aşgabadyň doganlaşan şäheri Albukerkäniň (ABŞ) we Awstriýa — Türkmen jemgyýetiniň wekilleri-de gatnaşdylar.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk hem-de Aşgabadyň şanly 140 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan bu duşuşyk Türkmenistanyň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, dünýä ýurtlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, hususan-da, sebitdäki goňşy döwletler bilen medeniýet ulgamynda halkara gatnaşyklary ösdürmek, milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruň esasyny düzýär.

Ak şäherimiz Aşgabadyň şanly 140 ýyllyk toýunyň giňden bellenilmegi biziň Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýär. Bu gün ak mermerli paýtagtymyz kaşaň binalary, seýilgähleri, döwrebap awtoulag ýollary, täze ýaşaýyş toplumlary bilen göreni haýrana goýýar. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda paýtagtymyzyň keşbi ajaýyp öwüşginlere eýe bolýar.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary, şol sanda ýakyn goňşulary bilen gatnaşyklarynyň täze derejä çykandygyny nygtadylar. Şeýle ösüşler dostlukly ýurtlaryň ynamly gatnaşyklaryny has-da giňeltmekleri many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaklary arkaly gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän duşuşyklar hem-de gepleşikler taryhy däp-dessurlara we ahlak gymmatlyklaryna esaslanýan netijeli döwletara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge we halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam berýär.

Giň ynsanperwer gatnaşyklar birek-biregi goldamak, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara düşünişmek we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini dowamly artdyrýar. Bu işde sebitdäki ýurtlaryň döredijilik wekillerine uly orun degişlidir. Medeni jemgyýetleriň köpugurly, toplumlaýyn özara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen häzirki döwrüň üstünliklerini, baý ruhy-taryhy mirasyny wagyz etmek olaryň esasy wezipeleridir.

Eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we Aşgabadyň 140 ýyllyk toýy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we türkmen halkyna aýdylan gutlaglardan soň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň medeniýet we sungat işgärleri çykyş etdiler. Şeýle-de bu medeni çärä doganlaşan şäherler Albukerkäniň we Aşgabadyň arasyndaky hyzmatdaşlyk işleri boýunça komitetiniň ilkinji başlygy hanym Sally Aliçe Tompson we Albukerke tans topary, Wenadan bolsa Türkmen — Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger gatnaşdylar.

Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar halklaryň arasyndaky dostlugy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryny görkezdiler.

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen parahatçylygyň hem-de ylalaşygyň, ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine dostlukly gatnaşyklarydyr hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak babatda birleşdirýär.

Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu günki halkara derejedäki çäräniň dünýäniň halklarynyň medeniýetini, sungatyny ösdürmäge, medeni hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmaga hem-de Türkmenistanyň we dünýä döwletleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi barada bir pikire geldiler.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar (turkmenistan.gov.tm)