HYTAÝ NEBIT WE GAZ ÇYKARYLYŞYNY GÜÝÇLENDIRÝÄR, ÝÖNE DAŞARDAN SATYN ALMAGYNY-DA AZALTMAÝAR

photo

Hytaý şu ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda nebitdir gazyň çykarylyşyny-da, daşardan satyn alynmasyny-da artdyrdy. Finmarketiň gullugynyň habar bermegine görä muňa Döwlet statistika müdirligi (DSM) şaýatlyk edý är.

Meselem, şu ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda bu ýurt nebit çykarylyşyny geçen ýylyň degişli döwründäkiden 1,9% artdyrmak bilen jemi 65,63 mln tonna ýetirdi. Şeýle-de bolsa, ýanwar – aprel aýlarynda daşary ýurtlardan satyn alynýan nebitiň mukdary, ýyl hasabyndan alnanda 7,2%, ýagny 179,58 mln tonna çenli köpeldi. HHR-de tebigy gazyň çykarylyşy ýanwar – aprel aýlarynda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 11,6%, ýagny 70,2 mlrd kub metre çenli artdy. Şu döwürde tebigy gazyň importy 22,4% artmak bilen, 39,46 mln tonna barabar boldy.

HHR-niň ykdysadyýetiniň ynamly dikelýändigi, nebitdir gazyň satyn alynmasynyň bolsa öňürdýän depginde artýandygy baradaky habar bu ýurda uglewodorod gorlaryny satýan esasy döwletlerde uly umytlary oýarýar. Olaryň arasynda Türkmenistanda bar, çünki Aşgabat Hytaýyň energetika bazaryny turba ýoly arkaly tebigy gaz bilen üpjün etmekde öňde barýar.

Hytaý şu ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda nebitdir gazyň çykarylyşyny-da, daşardan satyn alynmasyny-da artdyrdy. Finmarketiň gullugynyň habar bermegine görä muňa Döwlet statistika müdirligi (DSM) şaýatlyk edý är. (turkmenistan.gov.tm)