DÄP-DESSURLARY DOWAM ETDIRIJI: SAZANDA BAÝRAMMYRAT SÖÝÜNOWYŇKYDA MYHMANÇYLYKDA
Nebit-gaz toplumynyň Aşgabatdaky Medeni-işewürlik merkezinde her gün dutaryň özboluşly sesini we bagşylaryň aýdymyny “jähekleýän” gyjagyň owazy ýaňlanýar. Türkmen sazynyň muşdaklarynyň çuňňur söýgüsini gazanan bu milli halk saz gurallary ansamblyna Türkmenistanyň halk artisti, gyjakçy Baýrammyrat Söýünow ýolbaşçylyk edýär.
Çagalykdan kalbynda halk sazlaryna söýgi beslän bu sazanda ýigit diňe bir gyjaga däl, eýsem dutara, gargy tüýdüge, gopuza, dilli tüýdüge-de erk edýär. Ýöne kalbynyň gyjagyň liriki heňlerine berlendigini weli aç-açan boýun alýar. Tanymal sazandanyňkyda myhman bolup, biz onuň döredijiligi barada gaty köp gyzykly zatlary bildik.
Baýrammyradyň sahna tarap uzap gaýdan ýoly kakasynyň hem-de atasynyň dutarda we gyjykda saz çalyp adamlaryň alkyşyny alan ýeri ─ Gökdepe etrap merkezinde başlanypdyr. Onuň aýtmagyna görä, saza bolan tebigy ukyp oňa atasyndan miras geçipdir. Mekdebi tamamlan sazanda obanyň medeniýet öýünde işläp başlaýar, soňra-de basym şol medeniýet ojagynyň ýolbaşçysy bolýar. Bu ýerde-de Baýrammyrat özüniň durmuş ýoluna wepaly ýoldaş bolan litwaly gyz Reda duşýar.
… Reda Türkmenistandan alysdaky Şwekşina atly litwa şäherjiginde dogulýar. Ol ejesi bilen bilelikde her ýyl Mary welaýatyndaky Baýramaly şäheriniň böwrek kesellerini bejerýän şypahanasyna gelýän ekeni. Mekdebi tamamlansoň ol Wilnýusyň taryhy uzaklardan başlanýan adybelli uniwersitetine okuwa girýär. Reda bu gadymy ýokary okuw jaýynda iki ýyl okansoň, bilimini Aşgabat şäherinde dowam edýär. Çünki Orta Aziýanyň gurak hem-de yssy howa şertleri Redanyň saglygy üçin tapylgysyz dermanyň ýerini tutýar.
Şeýlelikde, 1985-nji ýylda Türkmenistanda agzybir, bagtly hem-de internasional maşgalalaryň ýene-de biriniň sany artýar. Ýaşlar Türkmenistanda işleýärler we ýaşaýarlar, her ýyl zähmet rugsadyny bolsa Baltik deňziniň kenaryndaky salkyn ülke Litwada geçirýärler.
Sazanda ýigit Baýrammyrat litwaly gyz Reda ikisiniň başynyň çatylmagyny ykbalyň özüne beren bagt paýy diýip düşündirýär.
– Reda ikimiz ruhumyz boýunça birek-birege gaty ýakyn adamlar. Oňa söýgüniň iki taýynyň birleşmeginiň mysaly hökmünde garamak mümkin – diýip, Baýrammyrat gürrüň berýär. – Biz bir-birimizi gowy tanamyzdan soňra nikalaşyp, durmuş toýuny tutduk. Iki çagamyz dünýä indi.
Men medeni aň-bilim tehnikumyny gaýybana tamamladym, dürli şäherlere we ýurtlara konsert bermäge köp gitdim. Maňa gyjak çalmagyň inçe syrlaryny halypam, Türkmenistanyň halk artisti Ata Ablyýew öwretdi. Türkmenistanyň Döwlet teleradiosynyň Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän halk saz gurallary ansamblynda köp wagtlap işledim, 2007-nji ýylda bolsa özüm Nebit-gaz toplumynyň medeni merkezinde halk saz gurallarynyň täze toparyny döretdim. Häzir onuň çeper ýolbaşçysy. Bu ýere Türkmenistanyň iň atly bagşy-sazandalary we gelejegine uly umyt döredýän ýaş zehinleri jemlendi.
Topar konsertleri, çykyşlary yzygiderli alyp barýar, türkmen halkynyň baý saz däplerini ösdürmek we halkyň içine ýaýratmak bilen meşgullanýar, şeýle-de, ýygy-ýygydan telegepleşiklere gatnaşýar.
Türkmenistanyň halk artisti, Prezidentiň “Türkmeniň altyn asyry” baýragynyň eýesi, Baýrammyrat Söýünow ömrüni maşgalasyna we saza bagyşlady. Artistiň pikiriçe, dogry ýola düşüp, saýlap alan sungatyna we adamkäçilik borjuňa wepaly bolup galsa, her bir adam öz durmuşynda üstünlik gazanyp biler.
Swetlana ÇIRSOWA
Däp-dessurlary dowam etdiriji: sazanda Baýrammyrat Söýünowyňkyda myhmançylykda (turkmenistan.gov.tm)