ÝERLI PROPILENDEN TÄZE ÖNÜMLER

«Türkmensenet» hojalyk jemgyýeti dokama däl sintetik materialyň täze nesliniň – spanbondyň öndürilişini artdyrdy. Telekeçileriň Akbugdaý etrabynyň senagat zolagynda guran zawody eýýäm üýtgeşik gurluşly bu matanyň üç müň tonnasyndan köpragini öndürdi. Onuň üçin çig mal süýüm döredýän polimerler, hususan-da Kyýanlynyň polimer zawodynda çykarylýan polipropilendir. Polimer çig maldan bu ýerde dürli dykyzlykly we reňk utgaşmaly top (rulon) görnüşli mata alynýar. Ol gymmatbahaly dokma önüminiň ornuny aňryýany bilen tutýar, üstesine-de, berklik, epime çydamlylyk, sürtülmä çydamlylyk, howa geçirme ukyby ýaly görkezijiler boýunça has ýokary häsiýelere eýedir.

Hojalyk jemgyýeti Gutly ýaşaýyş mähellesinde kärhanada işe girizilen tikin sehiniň önümlerini satýan dokama däl matadan öndürilen harytlaryň firma dükanyny açdy.

Kärhanada täze materialdan daşlyklar, hojalyk torbalary, supralyklar, öňlükler, aýal we çaga gigienasynyň serişdeleri öndürilýär. Spandbondy mebel ussalary-da alýarlar. Olar bu matany ýüzlük bilen dolduryjylaryň arasynda bölüji hökmünde ulanýarlar. Adaty geýimde ol geýimiň böleklerini has gataltmak we olaryň süýnmän öz formasyny saklamagyna mümkinçilik döretmek bilen, ara goýulýan serişdäniň ornuny tutýar.

Sehde oturdylan awtomatlaşdyrylan desgada söwda kärhanalarynda dürli harytlary gaplamak üçin ulanylýan ekologik pakediň aýda 300 müňe golaýy öndürilýär. 100% sintetik süýümden ybarat boup, ýelimsiz berkidilen bu önümler plastik paketleriň ornuny üstünlikli tutýar. Olar ekologiýa taýdan arassa, şonuň üçin, hatda ýokary ýylylygyň täsiri astynda-da zyýanly maddalary bölüp çykarmaýarlar.

Telekeçiler ýurduň ulag ugruny öz önümi – kürsi üçin ýassyklyk bilen doly üpjün etmegi meýilleşdirýärler. Häzirki wagtda kärhananyň kuwwaty bir gezeklik önümiň 36 millionyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Dokama däl mata öndürýän ýene bir desga edinmegiň hasabyna kärhananyň kuwwatyny, şol sanda bir gezeklik ýorgan-düşek daşlyklaryny çykarmagy artdyrmagyň hasabyna zawodçylar önüm görnüşlerini artdyrarlar.

Täze önümiň esasy buýrujysy Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Saglyk» kärhanasydyr. Bu ýerde spandbondan bir gezeklik lukman halatlaryny, gorag örtüklerini, operasiýa otaglary üçin bir gezeklik toplumlary çykarmagy özleşdirdiler. Täze matany telekeçiler eýýäm Türkiýä, Hytaýa, Russiýa Feerasiýasyna eksport hem etdiler.

Wladimir KOMAROW

Ýerli propilenden täze önümler (turkmenistan.gov.tm)