EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA ORGANIKI DÖKÜNLERI

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ylmy işgärler, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň guş galyndylaryny gaýtadan işlemek arkaly, ekologiýa taýdan arassa organiki mineral dökünleri almagyň täze usulyny teklip eden mugallymlar we talyplar toparyna oýlap tapyş üçin patent berdi.

«Fiziki-himiki derňewler we sertifikatlaşdyrma» bölüminde barlaghana şertlerinde dökün almagyň usuly işlenip taýýarlandy, onda Broýler tohumynyň towuk dersi we Magdanly-Köýtendag sebitindäki ýataklaryň fosforit magdany çig mal hökmünde ulanyldy. Synag işleriniň barşynda çig mal ilki beýleki galyndylardan arassalandy, soňra owradyjynyň kömegi bilen gaty jisimleriň we suwuklyklaryň 1: 3,5 gatnaşygynda üweldi. Towuk ýelekleri konsentrasiýasy 25%-den 30%-e çenli bolan mineral kislotalaryň (kükürt ýa-da azot kislotasy) erginlerinde eredildi. Alnan ergine fosforit uny (bölejikleriň ululygy 1,0 mm-den köp däl) goşuldy, soňra emele gelen garyndy bilen owradylan guş dersi 30 minutyň dowamynda ykjam garyldy. Garyndynyň wodorod görkezijisi (pH bahasy) 5-6-a ýetirildi. Alnan garyndydaky artykmaç suwuklyk umumy çyglylygy 55 – 58% bolýança, açyk gapda ýok edildi. Soňra alnan dökün maýdalanyp guradyldy.

Mineral kislotalaryň erginleriniň hasabyna umumy azoty ýitgisiz ulanmak başartdy. Bu usul ýönekeý tehnologiýanyň ulanylmagy, tygşytlylygy we ähli oba hojalyk birleşiklerinde ulanmak amatlylygy bilen tapawutlanýar. Mineral kislotalaryň ulanylmagy guş dersiniň birjynsly garyndysyndan çykýan gazlaryň häsiýetlerini we gatnaşygyny üýtgetmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa galyndylaryň ekologiýa nukdaýnazaryndan daşky gurşawa zyýanly täsiriniň ep-esli azalmagyna getirýär, şeýle hem ýokumly element bolan azot ýitgisiniň öňüni alýar.

Bu oýlanyp tapylan usul guş dersiniň saklanmagyndan we dökün öndürmekden döreýän daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaldýar, gaýtadan işlemegiň wagtyny tygşytlaýar we ahyrky önümiň gymmatyny peseldýär. Geçirilen ylmy-barlaglaryň netijesi ekologiýa taýdan arassa organiki mineral dökünleriň topragy gumus bilen baýlaşdyrmak häsiýetine eýedigini görkezdi.

Wladimir Komarow

Ekologiýa taýdan arassa organiki dökünleri (turkmenistan.gov.tm)