GELJEKKI HASYL ÜÇIN

Daşoguz welaýatynda gallanyň täze hasylyndan tohumlyk material taýýarlanylýar. Şu güne çenli bu ýerde on üç müň tonnadan gowrak tohumlyk material ýygnaldy. Tohum üçin ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan hem-de kesellere durnukly görnüşleri saýlanyp alyndy. Bu jogapkärli çärä welaýatyň ýörüteleşdirilen punktlarynyň onusy gatnaşýarlar. Birbada 50 müň tonna galla saklamaga we arassalamaga niýetlenen S. Türkmenbaşy hem-de Boldumsaz etraplarynda 2015-nji ýylda işe girizilen täze iri elewatorlar hem bu işe gatnaşýarlar. Olaryň hersindäki ýörüte bölümde zerur berk sanitar gözegçilik astynda tohumlyk galla taýýarlamak işi doly amal edilýär. Bu ýerde awtomatik düzgünde ýörüte enjamlar bilen galla saýlanylýar, arassalanylýar we işlenilýär. Hil derejesi barlanandan soň ol polipropilen haltalara gaplanylyp, ammarlara ugradylýar. Ruhubelent etrabyndaky elewatoryň we Görogly etrabynyň döwrebap iri çörek önümleri kärhanasynyň tohumlyk mateillary taýýarlaýan bölümleri-de ýokary öndürijilikli işleýärler.

Daşoguz welaýaty ýurtda köp galla taýýarlanylýan sebitleriň biridir. Bu ýerde oba hojalyk önümlerini saklamak we gaýtadan işlemek boýunça dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümçilikleriň sanynyň yzygiderli artmagyna ýardam edýän döwlet maýa goýumlary netijesinde sebitde tohumlyk material taýýarlamagy, ekişi, hasyl ýygymyny, gallany saklamagy we gaýtadan işlemegi öz içine alýan doly agrotehniki tapgyr döredilen.

 Batyr Öräýew

Geljekki hasyl üçin (turkmenistan.gov.tm)