TÜRKMENISTAN WE ÖZBEGISTAN MERKEZI AZIÝA LIDERLERINIŇ SAMMITINIŇ ÖŇÜSYRASYNDA

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Aşgabada gelen Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary, ýurduň Maýa goýumlary we Daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen gepleşik geçirdi.

Taraplar ulag, ýangyç we energetika, şeýle hem iki tarapa-da bähbitli beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Goňşy döwletleriň premýerleriniň orunbasarlary Türkmenistan – Özbegistan hökümetara toparynyň işiniň wajypdygyny bellemek bilen, Merkezi Aziýa döwlet baştutanlarynyň ýakyn wagtda geçiriljek geňeş duşuşygynyň çäginde komissiýanyň şärikli başlyklarynyň maslahatyny guramagyň tarapdarydygyny aýtdylar.

Sardor Umurzakow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem duşuşdy.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň, çäginde ikitaraplaýyn gepleşikler meýilleşdirilýän, ýakyn wagtda geçiriljek maslahat duşuşygynyň möhümdigini nygtadylar. Taraplar, şeýle hem, iki ýurduň arasynda ulag we tranzit aragatnaşygyny işjeňleşdirmek, nebit-himiýa senagatyny-da goşmak bilen, energetika-senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Saparyň dowamynda Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we Daşary söwda ministri birnäçe türkmen ministrliginiň we müdirliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Türkmenistan we Özbegistan Merkezi Aziýa liderleriniň sammitiniň öňüsyrasynda (turkmenistan.gov.tm)