HOJAMUHAMMET TOÝÇYÝEW – OLIMPIÝA MEDALYNDAN BIR ÄDIMLIKDE
Türkmenistanly agyr atletikaçy Hojamuhammet Toýçyýew Tokioda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda çykyşyny bürünç medaldan bir ädimlikde tamamlady. Ol 13 ýurduň wekilleriniň çykyş eden 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde dördünji orny eýeledi.
Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ikram Matkarimowyň 29 ýaşly şägirdi ýaryşyň iki görnüşiniň jeminde (silkip götermek – 184 kg, itip götermek – 230 kg) 414 kg göterdi. Bu bolsa onuň 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda 6-njy ýeri eýeläp görkezen iň gowy netijesinden 13 kg azdyr.
Tokioda geçirilýän Olimpiadada şu agram derejesinde bürünç medala siriýaly Man Asaad – 424 kg (190 + 234) mynasyp boldy. Kümüş medal ýetginjekleriň arasynda 2018-nji ýylyň dünýä çempiony, iki gezek Aziýa çempiony eýranly Aly Dawudä – 441 kg (200 + 241) miýesser etdi. Altyn medaly bolsa iki gezek Olimpiýa çempiony gürjüstanly Laşa Talahadze gazandy. Ol, silkip götermekde, itip götermekde we iki görnüşli ýaryşyň jeminde 488 kg (223 + 265) götermek bilen, üç dünýä rekordyny goýup, ýeňiji boldy.
Şeýlelik bilen, Tokiodaky Olimpiýa meýdançalarynda dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek we ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň 9 türgenden ybarat milli ýygyndysy dört ýylyň iň uly köpugurly ýaryşlarynda bir kümüş medal bilen çykyşlaryny tamamlady. Ony 59 kilograma çenli agram derejesinde agyr atletika ýaryşynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 21 ýaşly talyby, Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň okuwçysy Polina Gurýewa gazandy. Zehinli türgeni bu üstünlige agyr atletika boýunça milli toparyň baş tälimçisi Artur Emirýan alyp bardy.
“AA”-nyň habarçysy
Hojamuhammet Toýçyýew – Olimpiýa medalyndan bir ädimlikde (turkmenistan.gov.tm)