MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARY KOWID-19-A GARŞY BILELIKDÄKI GÖREŞ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen üçünji Konsultatiw duşuşygynda koronawirus pandemiýasynyň täze görnüşine bilelikde garşy durmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu barada sammitiň netijeleri boýunça geçirilen metbugat maslahatynda Türkmenistanyň wise-premýeri, Daşary işler ministri Raşid Meredow aýtdy.
Ministr türkmen we daşary ýurtly žurnalistleriň öňünde çykyş etmek bilen, sebitiň Baştutanlarynyň koronawirus pandemiýasynyň täze görnüşiniň häzirki döwürde salýan global howpuna garşy bilelikde hereket etmek meselelerine içgin garandyklaryny belledi.
Meredow türkmen tarapynyň häzire çenli görlen çäreleriň ylmy diplomatiýa arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň lukmançylyk jemgyýetleriniň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmegi teklip edendigini nygtady.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda Merkezi Aziýanyň epidemiologiýa, wirus we bakteriologiýa boýunça sebit merkezini döretmegiň maksada laýykdygy nygtaldy. Bu pikiri Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlary goldady, iň ýakyn wagtda kärdeşlerimiz bilen bu teklibi durmuşa geçirip başlamagyň üstünde işläris, diýip pikir edýärin» diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministri aýtdy.