GARAŞSYZLYGYŇ 30 ÝYLLYGY: EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYNY ÜPJÜN ETMEK ÜÇIN TAGALLALARY BIRLEŞDIRIP

Türkmenistan tebigaty goramak konwensiýalarynyň 11-siniň, şol sanda BMG-niň bioköpdürlülik hakda Konwensiýasynyň, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly (Tähran) Konwensiýasynyň, Ramsar Konwensiýasynyň we beýlekileriň tarapdarydyr. Garaşsyzlygyny alandan soň  olara birleşip ýurt olaryň düzgünlerini öz ekologiýa strategiýalarynda we maksatnamalaryda işjeň durmuşa geçirmäge girişdi. Atmosfera howasyny goramak, bioköpdürlüligi saklap galmak, «ýaşyl guşakalry» ösdürmek, suw, ýer we tokaý serişdelerini netijeli dolandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary boldy.

Türkmenistan 1996-njy ýylda ilkinjileriň biri bolup Konwensiýasyny tassyklady, bir ýyldan soň hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge girişdi. Ýurduň meýdanynyň 80 göterimini çöller tutýar, özleşdirilýän we tebigy ýerler çölleşýärler. Bu meseläni çözmegiň ylmy esasyny Türkemnistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri Döwlet komiteiniň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instututy üpjün edýär. Mundan başga-da, öri meýdanlary barada Kanun girizldi, suw hakda Kodekse täzeden garaldy. 

Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly (Tähran) Konwensiýasynyň tarapy hökmünde Türkmenistan Hazar deňziniň milli we serhetüsti meselelerini çözmek boýunça ylalaşykly hereketleriň esasy hökmünde Hereketlriň Milli Hazar Meýilnamasyny işläp taýýarlady.Resminamada Türkemnistanyň Hazar sebitiniň ýurduň ykdysadyýetinde uly halk-hojalyk we durmuş ähmiýetlidigi, şonuň üçinem onuň serişdelrini netiejeli ulanmagyň, ekologiýa goragynyň we ilatyň durmuş howpsuzlygynyň, bioköpdürlüligi saklap galmagyň döwletiň ileri tutulýan ugurlarydygy aýdylýar. 

Ramsar Konwensiýasyna Türkenistan 2009-njy ýylda goşulyp, ilkinji Ramsar meýdanyny – Hazar deňzindäki Türkmenbaşy Aýlagyny nominirledi. Iýulyň ahrynda çap edilen Merkezi Aziýada Ramsar Sebit Başlangyjynyň Türkmenistan boýunça 2012-2020-nji ýyllardaky işi barada hasabatda  ýurduň suwly-batgalyk ýerleriniň 40% gowragynyň barlanandygy bellenilýär. 2020-nji ýylda göçegçi suwda ýüzýän guşlar barada AfroÝewraziýa ylalaşygyna (AEWA) gol çekildi.

Ogulgözel Rejebowa

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy: ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirip (turkmenistan.gov.tm)