KOMPOSTLAMANYŇ PLANETAMYZA TÄSIRI
Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) 2021-nji ýyldaky azyk galyndylarynyň görkezijisi baradaky hasabatyna görä, dünýäde her ýyl 1,3 milliard tonna azyk önümleri zaýalanýar. Bu bolsa ekologiýa we durmuş-ykdysady jähtden seredemizde zyýanly netijeleri berýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, dünýä boýunça howa ýaýraýan şitilhana gazlarynyň 8-10% ulanylmadyk, isrip bolan iýmit bilen baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda dowam edýän COVID-19 pandemiýasy sebäpli, azyk galyndylarynyň möçberini azaltmak zerurlygy has ýiti we derwaýys meselä öwrülýär. Azyk galyndylary bilen çynlakaý meşgullanmakçy bolsak, azyk önümlerini bölekleýin sarp ediş derejesinde hasaplamak, şeýle hem olaryň adam başyna kilogram hasabynda düşýän paýyny ýurt derejesinde yzarlamak zerur.
UNEP we Global daşky gurşaw strategiýalary instituty (IGES) tarapyndan çykarylan görkeziji ýörelgeler esasynda, kompost amallarynyň şolbir wagtda daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak bilen bagly, organiki galyndylary dolandyrmagyň iň gowy usullardan biridigini görkezýär. Kompostlama mikroorganizmleriň täsiri astynda organiki maddalaryň dargamagyna esaslanýan azyk, oba hojalyk we senagat galyndylaryny zyýansyzlandyrmak arkaly dökün taýýarlamak usulydyr.
Gündelik durmuşymyzyda emele gelýän organiki galyndylary dogry kompostlama, himiki dökünlere zerurlygy azaldyp, topragyň hasyllylygyny artdyrmaga ýardam edip biler, şeýle hem çyglylygyň uzak saklanmagyna we ösümlikleriň ýokumly iýmitlendirilişine oňyn täsir eder.
Diňe ygtybarly maglumatlar ygtyýarymyzda bolanda, biz bölekleýin we sarp ediş derejesinde global azyk galyndylaryny iki esse azaltmaga gönükdirilen Durnukly ösüş pudagyndaky maksatnamanyň (DÖM) 12.3 maddasyný erine ýetirmek ugrundaky öňe gidişligi gazanyp bileris. Bu bolsa, öz gezeginde, azyk galyndylaryny ölçemegiň ýurt usulyýetini taýýarlamak arkaly gazanylýar. Bu usuly ulanýan döwletler azyk galyndylarynyň öňüni alyş milli strategiýasyny dolandyrmak üçin ygtybarly esasa eýe bolarlar.
Aýjahan Ataballyýewa