ÝAŞLARY ÄHLUMUMUY HEREKETLERE ÇEKMEK

Daşkentde  «Ýaşlary ählumumuy hereketlere çekmek» atly ýaşlaryň hukugy boýunça Bütindünýä maslahaty işläp başlady. Oňa ýurtlaryň we halkara guramalarynyň 30-syndan 500-den gowrak wekil gatnaşýar.

GDA-ny mundan beýlägem ösdürmegiň 2020-nji ýylda täzelenen Konsepsiýasynda ýaş raýatlary döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynda durnukly ösüş üçin taslamalara we maksatnamalara çekmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, ýaşlar jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini ýaşlar syýasatyny alyp barýan döwlet dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bir  hatarda GDA gatnaşýan döwletleriň ýaşlaryň işi boýunça Geňeşiň hataryna goşmak göz öňünde tutulýar.

Janmämmet Gulamow

Ýaşlary ählumumuy hereketlere çekmek (turkmenistan.gov.tm)