ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNYŇ JEMLERI BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2021-nji ýylyň 12-nji awgustynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça beýannama bilen çykyş etdi.
Hususan-da, Türkmenbaşy şäherinde geçen Konsultatiw duşuşygyň gyzyklanma döredýän ugurlaryň ählisi boýunça özarabähbitli sebitleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň, görnüşleriniň we gurallarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin giň gerimli mümkinçilikleri döredendigi aýratyn bellenilip geçildi.
Beýannamada şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň sebit hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy bilen, bu ugurdaky has işjeň hem-de maksada gönükdirilen hereketler üçin oňyn şertleriň kemala getirilmegine gönükdirilendigi hem nygtalýar.
Şol sanda sebitde integrasion hyzmatdaşlygynyň, köptaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlaryndaky özara hereketleriň, döwlet-hususy ulgamyň gatnaşyklarynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça hem jikme-jik pikirler alyşyldy.
Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň barha ösýän ykdysadyýetleriniň häzirki zaman infrastrukturasynyň kemala getirilmegi üçin senagat we ulag ulgamlarynyň, telekeçilik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň mümkinçilikleriniň jemlenilmeginiň derwaýyslygy hem aýratyn bellenilip geçildi.