ANKARA ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET, SUNGAT WE SURAT SERGISI AÇYLDY
2021-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi hem-de TÜRKSOÝ halkara medeniýet guramasy tarapyndan, Ankara şäherinde Türkiýäniň Milli kitaphanasynyň Kongresler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we 2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” mynasybetli ýurdumyzy giňden wasp edýän fotosuratlaryň we medeni gymmatlyklaryň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.
Sergide Türkmenistanyň Prezidentiniň gymmatly eserleri ýerleşdirildi, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýet we sungat eserleri, şaý-sepler, saz gurallary we beýlekiler goýuldy, Türkmenistanyň taryhyny we şu günki ösüşlerini we gazanan üstünliklerini beýan edýär fotosuratlar we portretler sergilendi.
Açylyş dabarasyna Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Serdar Çam, Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary Fuat Oktaýyň dolandyryş edarasynyň wekilleri, Türkiýede ýerleşýän daşary ýurt Ilçihanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, dürli jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, türkmen talyplary we metbugat wekilleri gatnaşdylar.
Serginiň açylyşynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Işanguly Amanlyýew ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli çäreler we ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, medeni-ynsanperwer ugurda milli, sebit we halkara derejelerde amala aşyrylýan işler barada çykyş etdi.
Şeýle hem maslahatda çykyp geplänler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gyzgyn gutlap, Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň barha gülläp ösýändigi barada bellediler.
Sergi 2021-nji ýylyň 16-18-nji awgusty aralygynda açyk bolar.