ANJAN AMANOW. RAÝATLYK UÇARÇYLYGYNYŇ ILKINJI TÜRKMEN UÇARMANY

photo

Hazar ýakasyndaky kiçeňräk Garşy şäherçesi diňe bir şypaly suwlary bilen meşhur däldir. Bu ýerde geçen asyryň başlarynda adaty balykçy maşgalasynda ýurdumyzyň raýatlyk uçarçylygynyň ilkinji uçarmany Anjan Amanow dünýä gelip, şu ýerde-de önüp-ösüpdir. Göräýmäge, kakasy balykçy, ýakyn garyndaşlary, goňşulary, dostlary ‒ hemmesiniň bagry deňiz bilen badaşan, şonuň üçin onuňam ykbalyna Hazar bilen baglanyşykly käri saýlap almak ýazylaýjak ýalydy. 

1929-njy ýylda internatda okuwyny tamamlandan soň, ony Daşkendiň mal lukmançylygy tehnikumyna okuwa iberenlerinde, garyndaşlary ol gaýdyp geleninden soň, barybir özleridir deňiz bilen boljakdygyna asla şübhelenmeýärdiler. Emma iki ýyldan soň Anjanyň täleýi duýdansyz öwrüm edýär. Daşkentde ony raýatlyk uçarçylygynyň bir ýyllyk okuwyna geçirýärler. Şeýlelik bilen, bu ýigit deňzi däl-de, asman giňişligini saýlap tutýar.

Ol döwürde ýaş respublika sowatly uçarçylyk işgärleri diýseň zerur gerekdi. 1924-nji ýylda Türkmenistanyň asmanynda bellenilen tertipde gatnaw edýän ilkinji raýatlyk uçary peýda bolýar, Çärjew (Türkmenabat) bilen Hywa (Özbegistan) arasyndaky howa ýoly bolsa Türkmenistanyň raýatlyk uçarçylygynyň döremeginiň başlangyjy bolýar. Ilkinji ýyllarda uçarçylyk kärhanasy Germaniýadan satyn alnan “Ýunkers” Ýu-13 kysymly dört orunlyk we Sowet Soýuzynyň önümi bolan K-4 kysymly ýolagçy uçarlaryny ulanypdyr. “Hywa ‒ Çärjew” aralygyna uçar peteginiň bahasy 80 manat bolup, olar rus dilinde we arap ýazuwynda resmileşdirilipdir. 

Uçarçylygyň ösüş depgini şeýle bir okgunly bolupdyr welin, Anjany gaýtadan okamagy we bilimini artdyrmagy üçin, Daşkentdäki okuwdan şol döwürde täze açylan (1930) Balaşow uçarçylyk mekdebine iberýärler. Bu mekdebe 18–26 ýaş aralygyndaky erkek adamlar kabul edilýärdi. Şol pursatda Amanowyň ýaşy ýaňy ýigrimiden geçipdi. Uçarmanlaryň taýýarlygyna ýyl ýarym wagt berilýärdi. 

Ine, 1934-nji ýylda okuwyny gutaranyndan soň, onuň Aşgabadyň 166-njy ýörite wezipeli uçarçylyk toparynda uçarman hökmünde hasaba alynjak güni gelýär. Ol ýerde ol 1936-njy ýyla çenli işleýär. Ýaş hünärmeniň hünär derejesine bolan ynam şeýle bir uly bolupdyr welin, eýýäm bir ýyldan soň ol “Türkmenskaýa iskra” we “Sowet Türkmenistany” gazetleriniň başlangyjy bilen guralan ündew we wagyz-nesihat işlerini alyp barmak boýunça eskadrilýanyň serkerdesi bolýar. 

Urşuň öňýanyndaky ýyllarda A. Amanow Çärjewiň 22-nji ulag toparyna uçarman bolup işlemäge iberilýär. Soňra, tä uruş gutarýança, ol serkerde hökmünde 24-nji Aşgabat uçarçylyk toparyna degişli G-2 uçaryny sürýär. Uruş ýyllarynda G-2, esasan, Orta Aziýada ýük uçary hökmünde ulanylýardy. Iş başdan agdykdy, her uçuşda iki müňden dört müň kilograma çenli ýük daşamalydy. Amanowyň şeýle uçuşlaryň näçesini başdan geçirendigini indi sanamagam mümkin däl. Şonuň ýaly-da, uçarman üçin nämäniň – el ýüzünden enjamlaşdyrylan gumak ýerlere (uçuş-gonuş zolaklary baýdaklardyr demir bankalar bilen bellenýärdi) gondurmagyňmy ýa janyňy howp astynda goýup, mas ýüklenen G-2-ni uçurmagyňmy – has kyn bolandygyny anyklap bolmaýar.

Uruşdan soňky parahat durmuş Amanowyň çydamlylygyny we kämilligini täzeden synaýar. Ony Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) howa menziliniň uçuş toparynyň serkerdesi wezipesine belleýärler. Ol ýerde ol 1948-nji ýyla çenli üstünlikli işleýär. Ýer titremesinden soň oňa Aşgabat howa menziliniň başlygynyň uçuş gullugy boýunça orunbasary wezipesini ynanýarlar. Ähli güýçler howa menziliniň we onuň bölümleriniň infrastrukturasyny dikeltmäge gönükdirilipdi.

Biraz soňra uçarmanlaryň ygtyýarynda şol döwür üçin täze kysymly IL-14 uçary peýda bolýar, iň tejribeli uçarmanlaryň biri hökmünde Amanow ýene-de uçup başlaýar. 1959-njy ýylda hormatly dynç alşa çyksa-da, A. Amanow uçarmanlygyny terk etmeýär. Ol ilki Aşgabat howa menzilinde radiometrçi, soňra merkezi dispetçer gullugynda dispetçer bolup işleýär.

“Kakamyň at-abraýy uludy, hemme ýerde hormatlanýardy, – diýip, ilkinji uçarman atanyň ogly gürrüň berýär. – Men hemişe kakamyň abraýyny duýýardym, çünki dynç alşa çykýançam, bütin ömrüme “Türkmenhowaýollary” ulgamynda işledim. Ozal köpler kakamyň adaty bolmadyk ady bilen gyzyklanýardylar, aslynda, onuň ady Anna, ýöne resminamalarynda söýgülik derejesinde ýazylypdyr. Hudaýa şükür, ejem Gurbantäç häzirem aýatda diri, üç aýal dogany bar. Biziň hemmämiz öňki Petrozawodskaýa köçesiniň adynyň üýtgedilendigine we kakamyzyň hormatyna “ANJAN AMANOW koçesi” diýilýändigine begenýäris.

Anjan Amanow. Raýatlyk uçarçylygynyň ilkinji türkmen uçarmany (turkmenistan.gov.tm)