HALKARA TERJIMEÇILER GÜNI

30-njy sentýabrda dünýäde Halkara terjime güni (International Translation Day) bellenýär.
30-njy sentýabr — dürli mowzuklardan bir dilden başga dile terjime edýän dilçileriň, mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda daşary ýurt dillerini öwredýän mugallymlaryň, filmleri terjime edýän terjimeçileriň, şeýle hem işewür we syýasy gepleşiklerde taraplaryň özara düşünişmegini üpjün edýän referentlerdir kömekçileriň hünär baýramydyr.
Terjimeçilik hünäri bolmadyk bolsa, dünýäniň milliardlarça ilaty daşary ýurtly meşhur ýazyjylaryň çeper eserleri bilen tanşyp bilmezdi, başga dillerde çapdan çykan işewürligi degişli tehniki edebiýaty okap bilmezdi, söýgüli daşary ýurt aýdymçy toparlarynyň näme hakda aýdym aýdýandyklaryna düşünip bilmezdi. Bu hünäriň wekilleri bolmasa, medeniýetleriň halklar arasyna aralaşmagy we baýlaşmagy-da bolmazdy.
Terjimeçiniň işi kän bir göze ilip durmasa-da, möhümdir – bu işiň saýasynda ýurtlar hem jemgyýetler bilimdir tejribe alyşmak bilen, bütindünýä ösüşini goldap we çaltlaşdyryp bilerler.
Terjimeçiler we dilmaçlar, sinhron terjimeçiler, gadymy diller we alamat dilleri boýunça hünärmenler – bu hünäriň esasy görnüşleridir.
30-njy sentýabrda bellenilýän terjimeçiler güni bu hünäriň bütin dünýädäki jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny dabaralandyrmak bilen birlikde hünärmenleriň ýardam-goldawy bolan dürli çäreler guralýar. Metbugat konferensiýalary, tegelek stollar, okuw türgenleşikleri we seminarlar, bir hatarda aýratyn hyzmatlary üçin iň oňat terjimeçileri sylaglamak dabarasy bütindünýä derejesinde-de, ýurt çäklerinde-de bolup geçýär.
Planetamyzda 6 -7 müň dilde geplenýär.
Dünýäde takmynan 300 müňden gowrak terjimeçi hünärmen bar.
Bir hünärmen sagatda ortaça 250 söz terjime edýär.
Halkara senäniň maksady, terjime hünäriniň senet we sungat hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmekde, halklary has ýakynlaşdyrmakda, gepleşikleri, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmekde, ösüşi berkitmekde hem halklar arasynda parahatçylykdyr howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ornunyň bardygyny tassyklamakdyr.
Taýýarlan: Janmämmet Gulamow
Halkara terjimeçiler güni (turkmenistan.gov.tm)