TÜRKIÝÄNIŇ GAZI OSMAN PAŞA UNIWERSITETINDE MASLAHAT GEÇIRILDI

photo

2021-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Tokat şäherindäki Gazi Osman Paşa uniwersitetinde 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy-medeni maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp guralan bu maslahata ýokarda agzalan ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, türkmen we daşary ýurt talyplary, Ilçihananyň ýolbaşçysy we beýleki wekilleri gatnaşdylar.   

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi öz çykyşynyň dowamynda Garaşsyzlygyň 30 ýylynyň içinde döwletimiziň gazanan üstünlikleri, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada gürrüň berdi.

Rektor we uniwersitetiň beýleki wekilleri öz çykyşlarynda bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti dogrusynda belläp, türkmen-türk gatnaşyklarynyň gülläp ösmegini arzuw etdiler.    

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de ýurdumyzyň baý medeni mirasyna bagyşlanan wideorolikler görkezildi. Bu ýokary okuw mekdebiniň türkmen talyplary tarapyndan konsert hem gurnaldy.

Şeýle-de çäräniň çäklerinde uniwersitetiň binasynda Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidentiniň kitaplarynyň sergisi hem-de ýurdumyzyň taryhyny we medeni gymmatlyklaryny beýan edýän suratlaryň sergisi gurnaldy.

Habarlar (neutrality.gov.tm)