EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ ŞANLY SENELERINE BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GURNALDY

2021-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli tegelek stol gurnaldy.
Ilçihananyň binasynda guralan çärä gatnaşmaga Eýranyň “IRNA”, “ISNA”, Fars”, “”Mehr”, “Risalat”, “Hamşähri” we beýlekiler ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 20-den gowrak wekilleri çagyryldy.
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi öz çykyşynda Türkmenistanyň wajyp halkara başlangyçlary, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, şeýle-de geçirilýän giň gerimli çäreler barada belledi. Türkmen döwletiniň Bitaraplyk derejesi we onuň 25 ýyllyk toýy barada aýdyp, Ilçi 2021-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip ygaln edilendigi barada nygtady. Şeýle-de ol Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 15-nji Sammiti barada belläp geçdi.
Mundan başga-da, iki goňşy döwletiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda alnyp barylýan yzygiderli işler barada habar berildi. Ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän VI Hazar sammitiniň sebit we ählumumy wajyplygy hakynda aýratyn bellenip geçildi.