WENADA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY KABUL EDIŞLIK GEÇIRILDI

photo

2021-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Awstriýa-Türkmen jemgyýeti hem-de Wenanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň Söwda öýi bilen bilelikde Wena şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan kabul edişlik geçirdi.

Dabara hormatly myhman hökmünde Awstriýanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, Wenada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Awstriýanyň işewürler toparlarynyň agzalary, Wenanyň Diplomatik akademiýasynyň professor-mugallymlary, Awstriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary, metbugat we elektron neşirleriň žurnalistleri gatnaşdylar.

Çärede Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçisi, Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň prezidenti Neda Berger, şeýle hem Wenanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň Söwda öýüniň başlygynyň orunbasary Piter Gindl dagylar çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak bilen, Türkmenistanyň hem-de Awstriýanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarda ileri tutýan ugurlary, şeýle hem iki döwletiň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki derejesi hem-de geljekki mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.

Şonuň ýaly-da, çykyş edenler Türkmenistanyň we Awstriýanyň açyk hem-de oňyn gatnaşyklaryň saklanmagyna itergi berýän medeni we ynsanperwer ugruny ösdürmek ugrundaky syýasatyna ýokary baha berdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ilerledilmegine goşant goşýan Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň işiniň aýratyn ähmiýeti hem bellenildi.

Şeýle hem, Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň "Galkynyş" žurnalynyň ýörite sanynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan wideo görnüşler hem görkezildi.

Çäräniň esasy böleginiň tamamlanmagyndan soňra, “Galkynyş” Türkmen-Awstriýa orkestriniň aýdym-saz çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Habarlar (neutrality.gov.tm)