HOWANYŇ SOWAMAGY WE ÝAGYN: TÜRKMENISTANDAKY HOWA BARADA GYSGAÇA MAGLUMAT

Türkmenistanda oktýabr aýynyň soňky hepdesi üçin deslapky howa çaklamalary ýagyş ýagjakdygyny duýdurýar. Hepdäniň ortalaryndan howa esli derejede sowar. Köpetdagyň daglyk ýerlerinde güýçli ýagyn ýagar, ol ýerlerde gar ýagmak ähtimallygy-da aradan aýrylmaýar.

Aşgabatda +18 ... + 20°C güneşli howa gündizine + 13 ... + 15°, gijelerine + 4 ... + 6° çenli aşaklap biler. Wagtal-wagtal ýagyş ýagmagy mümkin.

Hepdäniň dowamynda Ahal welaýatynda-da howa sowar, ol ýerde-de ýagyş ýagmagy çak edilýär. Ortaça temperatura gündizlerine +11 ... +16°C, gijelerine + 1 ... + 6 ° bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly we ýagyşly howa bolar. Gündizine howa +19 ... +24°, gijesine +4 ... +9° çenli gyzar.

Mary welaýatynda-da ýagyn ýagyp, howanyň temperaturasy peseler. Welaýatyň käbir ýerlerinde simap sütüni gijesine -1.. +4°, gündizine + 12 ... 17° görkezer.

Lebap welaýatynda howa gije –2…+3° derejä çenli sowar, gündizine +11…+16° bolar, ýagyş ýagmagy ähtimal.

Ýagyn Daşoguz welaýatyna-da ýagar, ol ýerde howanyň temperaturasy gijesine –2…+3°, gündizine +8...+13° bolar.

Howa şertleriniň birden üýtgemegi sebäpli, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň gidrometeorologiýa gullugy saglygyňyza has dykgatly çemeleşmäge, aşa sowamakdan gaça durmaga we howa laýyk geýinmäge çagyrýar.

Howanyň sowamagy we ýagyn: Türkmenistandaky howa barada gysgaça maglumat (turkmenistan.gov.tm)