DAŞARY ÝURT DILLERI JAHANA ÝOL AÇÝAR

Türkmen döwlet Medeniýet institutynda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek ýörelgesiniň kabul edilmeginiň 4 ýyllygyna gabatlap, ylmy-amaly konferensiýa geçirildi.
Bu çäräniň maksady, ýokary okuw jaýynyň talyplarynyň arasynda giň gerim alýan daşary ýurt dillerindäki çykyşlary arkaly türkmen medeniýetini dünýä jemgyýetçiliginde wasp ediji mowzuk boldy. Birnäçe fakultetiň talyplary diňleýji köpçüligine milli medeni mirasa bagyşlanan manyly, ajaýyp çykyşlary hödürlediler.
Talyplar bütin dünýäde meşhur, hakykatdan-da, dünýäniň ykrar etmegine mynasyp bolan türkmen halkynyň haly sungaty barada gürrüň berdiler. ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulyp, halk döredijiligi bolan «Küştdepdi» milli tans sungaty boýunça talyplaryň çykyşlary taryha gyzykly gezelenç boldy.
Çäraniň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizlen gözel Aşgabadyň temalaryna dykgat çekildi. Foruma gatnaşyjylar çykyş edýän mowzuklaryna çuňňur düşünýändiklerini we daşary ýurt dillerini kämil bilýändiklerini görkezdiler. Diýmek, milli Baş ýörelgäniň çäginde goýlan we dilleri okatmagyň innowasion usulyýeti bilen baglanyşykly wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bilşiňiz ýaly, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmaga kämilleşmek taglymaty 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edildi. Ony durmuşa geçirmek üçin hereket edýän meýilnama laýyklykda, 4 ýyl mundan ozal bilim ulgamynda täze görnüşdäki giň göwrümli işler başlandy. Başlangyçda üç tapgyr göz öňünde tutulyp, durmuşa geçirmek taglymaty, häzirki wagtda üçünji tapgyry amala aşyrmak basgançagyndan batly gadamlar bilen barýar.
Birinji tapgyr, 2018-nji ýylda usuly üpjünçilik pudagy üçin dünýä tejribesi işjeň özleşdirildi, döwlet standartlary, okuw maksatnamalary we okuw meýilnamalary bilim bermegiň ähli derejelerinde kämilleşdirildi. Ikinji tapgyrda (2019-2020) mugallymlary taýýarlamak we kämilleşdirmek ulgamy, bu ugurdaky bilim we usulyýet binýady amala aşyryldy. Üçünji, jemleýji tapgyryň (2021-2024) maksady bolsa Türkmenistanda daşary ýurt dillerini üznzksiz okatmagyň yzygiderli we biri-biri bilen baglanyşykly ulgamyny döretmek zerurlygydyr.