TÜRKMEN KONDITERLERINIŇ ÖNÜMLERI ALMATYDAKY SERGIDE

photo

«Balam» türkmen hususy kärhanasy Merkezi Aziýanyň 23-nji «FoodExpo Qazaqstan 2021» halkara sergisine konditer önümleriniň dürli görnüşini hödürledi. Almaty şäheriniň «Atekent» sergi merkezinde açylan sergä dünýäniň 36 ýurdundan 450-den gowrak kärhnalar gatnaşýar. Olar öz önümlerini bölümlerdäki iýmit we içgiler, tehnologiýalar, çörek bişirme we konditer senagaty, komponentler atly stendlerde görkezerler. Uly göwrümli bu forum 5-nji noýabra çenli dowam eder.

«Balam» kärhanasynyň diwarlygy «Çörek bişirme we konditer senagaty» iş meýdançasynda ýerleşýär.

«Balam» konditer kärhanasy 2016-njy ýylda Aşgabatda maşgala işi hökmünde esaslandyryldy. Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň Gypjak ýaşaýyş toplumynda çörek we konditer önümlerini öndürmek boýunça öz önümçiligini açan kärhana, kuwwaty 100 kg bolan kiçi sehden aýda 2,5 müň tonna önüm öndürýän uly önümçilik kärhanasyna öwrüldi. Kärhananyň taryhynda aýratyn bir möhüm waka-ikinji önümçilik meýdançasynyň açylmagy we ol ýerde täze iş ugry – gatlanan hamyrdan önüm öndürilmegi boldy. «Balam» ýurdumyzda eksporta gönükdirilen önümleriň täze we doňdurylan köp görnüşini öndürmäge ukyply kärhananyň biridir. Zawodyň önümçilik ýerleri dünýä belli «Rondo» Şweýsariýa, «Diosna» we «Miwe» Germaniýa kompaniýalaryň häzirki zaman enjamlary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Gatlakly kökäniň we çörek önümlerini taýýarlamak işleri awtomatlaşdyrylan we kompýuterleşdirilendir. Bu bolsa her gün Ýewropanyň reseptlerine görä birnäçe tonna dürli we ýokary hilli süýji önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda «Balam» HJ çalt depginde ösýän döwrebap kärhana, Türkmenistanda öňdebaryjy konditer kärhanalarynyň biridir we onuň öndürýän önümleri – gatlakly, owranýan hamyrdan önüm, sdoba, çörekler, gündogaryň süýji nygmatlary we bişirilen tortlaryň görnüşleri 100-den hem gowrakdyr. Konditerler şokolad tagamly we kişmişli «Balam» gatlakly kökelerini, «Ýürek» kökesini we «Nowruz» önümini, malina, alça, klubnika, oblepiha, çernika mürepbeli «Bitaraplyk» önüme, gatlakly köke we haçapuri öndürýärler. Mundan başga-da, konditerler sagatda bäş müň sany bulka, fransuz aşhanasynyň adaty önümi bolan içi dürli süýjülik bilen doldurylan ýarymaýlary öndürýärler.

Konditer kärhanasynyň ähli önümleri ýurdumyzda ýetişdirilen gallanyň unundan taýyn edilýär. Önümleri köpugurly «Gozly» kärhanasynda öndürilen gaplara gaplanýar, şonuň üçin önümler zaýalanman saklanyp, uzak aralyklara - şol sanda daşary ýurtlara eksport edilip bilner.

Türkmen konditerleriniň önümleri Almatydaky sergide (turkmenistan.gov.tm)