TÜRKMENISTANDA EL HÜNÄRLERI ÖNÜMLERINIŇ EKSPORTYNA BAGYŞLANAN ONLAÝN KONFERENSIÝA GEÇIRILDI

photo

USAID-iň telekeçiligi we işewür gurşawy ösdürmek boýunça taslamasy «Sanly bazarlary badaşdyryp» atly sebitleýin webinar geçirdi. Bu çärä dünýäniň on ýurdundan 40-dan gowrak telekeçi, elektron söwda we logistika boýunça hünärmen gatnaşdy. Maslahatyň maksady netijeli tejribe alyşmak we sanly ýollar arkaly türkmeniň el hünärleriniň önümlerini eksport etmekde täze çözgütleri gözlemek boldy.

Onlaýn maslahatyň çäginde ÝB-niň «Ready4Trade» taslamasynyň elektron söwda boýunça hünärmeni we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň öňden gelýän hyzmatdaşy Halkara Söwda Merkeziniň (HSM) wekili spiker Annabel Saýks maslahata gatnaşýanlara halkara derejesinde onlaýn satyşy amala aşyrmak üçin göz öňünde tutulmaly esasy faktorlar barada düşündiriş berdi.

Türkmen telekeçileriniň harytlarynyň konsolidirlenen görnüşde iberilmegi diýlip atlandyrylýan modeli-de öz içine alýan «Handmade Export» taslamasynyň çäginde äden ilkinji ädimler, webinara gatnaşýanlaryň dykgatyna hödürlenen şular ýaly çärelere mysal hökmünde getirildi.

Bu maslahatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň başlygy Döwran Hudaýberdýewiň awstriýaly işewür toparlarynyň wekilleri bilen şol gün geçen duşuşygynda belleýşi ýaly, Türkmenistandan haryt eksportynyň möçberini artdyrmaga goşant goşmalydyr.

Türkmenistanda el hünärleri önümleriniň eksportyna bagyşlanan onlaýn konferensiýa geçirildi (turkmenistan.gov.tm)