TÜRKMENISTANDA MILLI DÖM ÝERLIGI DÖREDILDI

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin ýerlik» (DÖM) taslamasy bilen bilelikdäki DÖM-iň maglumatlaryny ýygnamak we ýaýratmak boýunça milli ýerlik döretmek işi tamamlandy. Ol Türkmenistan tarapyndan kabul edilen DÖM-iň görkezijiler sanawyna esaslanýar we ýurdumyzyň ýeten derejesini beýan edýän slaýderleri, DÖM-iň görkezijileri boýunça meta-maglumatlary, diagrammalary, grafikleri özünde jemleýän jikme-jik maglumatlary öz içine alýar.
DÖM boýunça statistika hasabatynyň milli ýerligini döretmek we durmuşa ornaşdyrmak maglumatlara gözegçilik etmek hem ýurtda DÖM-i gazanmakdaky öňe gidişligi meýilleşdirmek we yzarlamak üçin netijelere baha bermek ulgamyny döretmäge, şeýle hem milli hasabatlary taýýarlamak boýunça halkara borçnamalary ýerine ýetirmäge ýardam edýär.
2019-njy ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň BMG-niň ýokary derejeli syýasy forumynda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilişi barada Meýletin milli synyny hödürländigini bellemelidiris.
«Türkmen wekiliýeti Foruma gatnaşýanlary ýurduň sosial-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, DÖM-i durmuşa geçirmek üçin uýgunlaşdyrylan esasy milli maksatnamalary amala aşyrmakdaky üstünlikler bilen tanyşdyrdy» diýlip, habarda aýdylýar.
Bu synyň tapawutly aýratynlygy global maksatlar bilen görkezijileriň arabaglanyşygyny seljermekde ýüze çykýan innowasiýa çemeleşmesini ulanmakdyr.
Türkmenistanda milli DÖM ýerligi döredildi (turkmenistan.gov.tm)