ÝULDUZ JUMABAÝEWA AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA BÜRÜNÇ MEDAL GAZANDY

Türkmen türgenleri Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda çykyş edýärler. Ýaryşyň ikinji güni 11 döwletden 13 zenan türgen 49 kg çenli agramda bäsleşdiler.
Türkmen sport janköýerleri 2018-nji ýylyň dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewanyň üstünlikli çykyşyna garaşýardylar.
Başlagyç ilkinji synanyşykda Ýulduz Jumabaýewa 76 kg ştangany diňe ikinji gezekde göterip, silterläp götermekde kiçi bürünç medal eýeledi. Kiçi kümüş medal ugrunda jemleýji synanşykda ol dört ýyl mundan ozalky netijesinden 3 kg az göterdi.
Dünýä çempionatyna ilkinji gezek gatnaşýan türkmen türgeni Bägül Berdiýewa 166 kg (silterläp – 73 kg, itekläp –93 kg) netije bilen ýedinji orna düşdi.
49 kg çenli agramda Surodçana Hambao (Tailand) 191 kg (86+105) netije bilen dünýä çempiony boldy. Hormat münberiniň ikinji gatyna Rira Suzuki (Ýaponiýa) – 179 (78+101), üçünji gatyna Ibuki Takahasi (Ýaponiýa) – 172 (71+101) netije bilen galdylar.
Şu gün agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda erkekler 61 kg çenli agramda çykyş edýärler, onda ştangany silterläp götermekde Aziýa çempionatynda kümüş medal eýelän Seýitjan Mirzaýew çykyş eder.
Ýulduz Jumabaýewa agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal aldy (turkmenistan.gov.tm)