ARAL DEŇZI: TÄZE TASLAMA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

photo

«Aral deňziniň basseýniniň ýer baýlyklaryny we tebigy ekosistemalaryny gorap saklamak hem durnukly dolandyrmak» atly täze taslama baha bermek üçin, Türkmenistanda Utgaşdyryjy geňeşiň ýygnagy geçirildi.

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň goldawy bilen guralan bu ýygnaga birnäçe ministrlikleriň we bölümleriň, mejlisiň, bank edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnaga gatnaşanlar maksatlar we wezipeler bilen bir hatarda taslamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek hem baha bermek ýagdaýyny-da ara alyp maslahatlaşdylar.

«Aral deňziniň basseýnindäki ýer baýlyklaryny we tebigy ekosistemalary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasy Bütindünýä ekologik gazna (BEG) tarapyndan maliýeleşdirilýär. Ol ýerleriň zaýalanmagynyň zyýanly netijelerini aradan aýyrmagy, ýer we suw baýlyklaryny dikeltmegi we ulanmagy, şeýle hem Lebap we Daşoguz sebitlerindäki täsir zolagynda biodürlüligi gorap saklamagy maksat edinýär. Bu taslama Aral deňzini halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) çäginde Türkmenistanyň başlangyçlaryny-da goldar.

Aral deňzi: täze taslama ara alnyp maslahatlaşyldy (turkmenistan.gov.tm)