«ALTYN ASYRYŇ» FUTBOLÇYLARYNA ÇEMPIONATYŇ KUBOGY GOWŞURYLDY

photo

Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň oýunçylaryna 2021-nji ýylyň milli birinjiliginde gazanan ýeňşi üçin çempionatyň Kubogy we altyn medallary gowşuryldy.

Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň «Sport toplumy» stadionynda jemleýji 14-nji tapgyrynda «Altyn asyr» «Nebitçi» toparyny 1:0 hasabynda ýeňenden soň, baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.

«Altyn asyryň» 14 oýunda 11 gezek ýeňiş gazanyp, bir oýny deň tamamlap, milli birinjiligiň gutarmagyna iki tapgyr galanda sekizinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. AFK-2018-iň Kubogy ugrunda ýaryşyň finalynda çykyş eden topary ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew şu üstünlige ýetirdi.

«Altyn asyr» 2022-nji ýylda ýurdumyzyň çempiony hökmünde Aziýanyň klublar arasyndaky ýaryşlaryň birinde Türkmenistana wekilçilik eder.

«Altyn asyryň» futbolçylaryna çempionatyň Kubogy gowşuryldy (turkmenistan.gov.tm)