HUSUSY ÖNDÜRIJILERE EKIŞ ÝERLERI

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda oba hojalygyna hususy pudagy barha işjeň ornaşýar. Şol sanda, sebitde oba hojalygyna ýardamçy hökmünde döredilen ýörite ýer gaznasynyň kömegi bilen, ýer bölekleri döwlet buýurmasyna girizilen bugdaý, pagta we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin bellenilen tertipde hususy öndürijilere bölünip berilýär.

Olaryň aglabasynyň sebitde dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini öndürijileriň birine öwrülip barýan Ruhubelent etrabynda ýerleşýändigi bellemeli. Bu ýerde soňky ýyllarda azyndan sürümli ýerleriň 70%-inde döwlet buýurmasyna girizilen oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek şerti bilen, haryt öndürijilere 99 ýyl möhleti bilen 61,100 gektardan gowrak ýer bölünip berildi. Şunda, ekin ýeriniň galan böleginde ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny amala aşyrmak üçin beýleki ekinleri ekýärler. Ýüzlerçe daýhanlar S.Türkmenbasy, Gurbansoltan eje etraplarynda we sebitiň beýleki ýerlerinde ulanmak üçin uzak möhletleýin ýer böleklerini aldylar.

Umuman alnanda, Daşoguz welaýatynda ýer gaznanyň saýasynda oba hojalygyna degişli ýerleriň ep-esli bölegi uzak möhletleýin ulanmak üçin, eýýäm kärendelere berildi. Esasy wezipeden, ýagny sarp ediş bazaryny dürli azyk önümleri bilen doly üpjün edilmegine goşant goşmakdan başga-da, häzirki wagtda oba hojalygyny ösdürmäge niýetlenen ýörite ýer gaznalary bu pudakda kiçi we orta hususy telekeçiligiň ösmegine möhüm goşant goşmak bilen bir hatarda, häzirki zaman oba hojalygynyň önümçiligi we täze iş ýerleriniň döredlmegi üçin şert döredýär. Telekeçilik işini döwlet tarapyndan hemme taraplaýyn goldamagyň bu görnüşi, Daşoguz welaýatynda bugdaý, pagta, ýer alma, gök we bakja önümlerini ýetişdirmekde, üzüm hem miweli agaçlary ösdürmekde hususy pudagyň ornunyň yzygiderli ýokarlanmagynda ep-esli derejede öz beýanyny tapdy.

Hususy öndürijilere ekiş ýerleri (turkmenistan.gov.tm)