KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERINIŇ ORNY NYGTALDY
Ýakynda Türkmenistanyň Ankaradaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew Anadolu agenliginiň Ankaradaky baş edarasyna bardy.
Türkmen diplomatyny edaranyň başlygy, agentliginiň baş müdiri Serdar Karagöz we meýilnamalary dolandyrmak boýunça utgaşdyryjy Oguz Karakaş garşy aldylar.
Karagöz diplomatyň saparyndan kanagatlanma bildirmek bilen, bütindünýä täzelikler ulgamyny döretmek işi we Türkiýäniň öňdebaryjy habarlar agenliginiň işiniň beýleki ugurlary barada gürrüň berdi.
Amanlyýew hem öz gezeginde metbugatyň, esasanam, Anadolu agentliginiň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekdäki ornuny nygtady.
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili Togan Oralyň ýakynda Türkiýäniň Anadolu agentliginiň Aşgabatda resmi wekilhanasyny açandygyny habar berendigini ýatladýarys.
Anadolu agenliginiň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana saparyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen Anadolu agentliginiň arasynda gol çekilen degişli resminama laýyklykda açyldy. Bu waka iki doganlyk ýurduň halklarynyň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky ýene bir ädim hökmünde kabul edildi.
Türkiýäniň ilçisi soňky ýyllarda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we ösüşini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanda Türkiýe habarlar agentliginiň wekilhanasynyň açylmagynyň iki ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ynsanperwerlik ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny nygtaldy (turkmenistan.gov.tm)