DUTAR – YLHAM ÇEŞMESI!

Şeýle at bilen dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanan ýaş suratkeşleriň sergisi geçirildi.

Bu sergi şekillendiriş sungatynyň sergi merkezine gelenleri çeper döredijilik arkaly aýdym-sazyň jadyly älemine alyp barýar. Serginiň açylyş dabarasyna halk aýdymlaryny ýerine ýetirýän ýaş bagşy-sazandalaryň gatnaşmagy bu ýere ýygnananlar üçin ajaýyp sowgat boldy.

Sergide Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň, Aşgabat şäherindäki 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň, 6-njy we 7-nji çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň surat, grafika, bezeg we amaly eserleri görkezildi.

Mowzuklaryň umumylygyna garamazdan, suratkeşleriň eserleri ýordum ýaýbaňlanmagynyň dürlüligi bien göreni haýran galdyrýar.

Dürli usullarda ýerine ýetirilen çaga eserleri gadym döwürlerden bäri halkymyzyň hemrasy bolup gelýän dutara wepalylygy we söýgini beýan edýär. Onda saz çalmagyň ýerine ýetirijilik sungaty ýaşlykdan özleşdirilýär, muny ýaş suratkeşleriň eserleri hem nygtaýar. Toý bolsun, asuda gündelik durmuş ýa harby ýöriş, parhy ýok, dutar ýaňlanyp başlan badyna, töwerekdäki ähli zat ajaýyp keşbe girýär. «Dutar halkymyzyň kalbydyr» diýlip, ýöne ýere aýdylmaýar.

Dutar – ylham çeşmesi! (turkmenistan.gov.tm)