EKOLOGIÝA SYÝASATY HALKYMYZYŇ BÄHBIDINE
Merkezi Aziýanyň Sebit Ekologiýa Merkezi bilen Türkmenistanyň Döwlet suw hojalyk komitetiniň özara hyzmatdaşlyk etmek baradaky gol çekilen Ähtnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet suw hojalyk komitetiniň «Garagumderýasuwhojalyk» müdirligi Garagum derýasynyň kenar ýakalarynda bag ekmek çäresini geçirdi. Çäräniň dowamynda ýüzlerçe dürli görnüşli bag nahallary oturdyldy.
Çäräniň maksady – Garagum derýasynyň kenar ýakasyny ýaşyl baglyga büremek, kenarlary berkitmek we ekologiýa abadançylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlygyny geljekki nesiller üçin gorap saklamak baradaky alyp barýan syýasaty yzygiderli durmuşa geçirilýar.
Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösüşini üpjün etmekde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak baradaky alnyp barylýan ähli giň gerimli özgertmeler daşky gurşawyň ekologiýa taýdan abadançylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Ekologiýa syýasaty halkymyzyň bähbidine (turkmenistan.gov.tm)