BAG – DURMUŞYŇ BEZEGI
Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem milli tokaý Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ministrliklere, pudaklaýyn müdirliklere we Aşgabat şäher häkimligine şu ýyl üç million (ýaprakly, pürli, miweli agaç, üzüm) nahallaryny oturtmak barada Karara gol çekdi.
Türkmenistanda her ýyl ýurdumyzyň tebigatyna gözel görnüş berýän we ýurtdumyzda ekologik ýagdaýyň gowulaşmagyna goşant goşýan millionlarça agaç nahallary oturdylýar. Bu babatda Türkmenistanyň alymlary-da bu möhüm döwlet işinden daşda durmaýarlar.
Bular barada “Altyn asyr” elektron gazetimiziň habarçysy Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutynyň uly ylmy işgäri Olga Walerýewna Arzýamowa bilen söhbetdeş boldy.
– Häzirki wagtda, – diýip, Olga Walerýewna söze başlady, – köp tejribe topladyk, abadanlaşdyryş üçin hödürlenýän köp mukdardaky bezeg agaçlaryny, gyrymsylary we gülleri ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasyny işläp düzdük. Bagbanlar üçin bu maglumatlary ulanmak maksada laýykdyr, çünki şäheriň we beýleki ýerleriň abadanlaşdyryşy üçin hödürlenýän ösümlikler birnäçe talaplara laýyk gelmelidir.
Göze ýakymlylykdan başga-da, olar gözegçilik edilýän görnüşlere, ösüş tizligine, kesele çydamlylyga laýyk gelmelidir. Nahal saýlananda, günüň dowamlylygyny, howanyň temperaturasyny we çyglylygyny, ýeliň tizligini, ýerasty suwlaryň barlygyny we nähili çuňlukda ýatanlygyny, toprak görnüşlerini göz öňünde tutmalydyr. Nahal oturdyljak ýerleriň – meýdançalaryň, köçeleriň, çöllükleriň ýagdaýyny-da hasaba almalydyr. Biziň howa şertlerimize uýgunlaşan nahallary ulanmak has dogrudyr.
Nahal oturdylanda, suwarma aýratyn üns berilmelidir. Tomus paslynda nahallary her gün suwarmak zerur. Bolup biljek ýitgileri azaltmak üçin, güldanlardaky ekiş materiallaryny ulanyp, soň iň amatly wagtda topraga doly göçürmek maslahat berilýär. Mundan soň agaçlary kesmek işini ösüş döwründe, guran agaç görünýän mahaly amala aşyrmalydyr. Agaç şahalaryny nädogry kesmek agaçlary gowşadýar, munuň netijesinde bolsa zyýan berijileriň olara şikes ýetirýändigini-de unutmaly däldir.
Nahallaryň tertip bilen ekilmegi, olaryň kadaly ösüşine goşant goşýar. Nahal oturtmaga gönüden-göni gatnaşjak adamlara bular barada ýatlatmak ýerlikli bolar.