TÜRKMENISTANYŇ HALK ARTISTI AKMYRAT ÇARYÝEWIŇ DURMUŞYNDAN BIRNÄÇE PURSAT
Akmyrat Çaryýew tasdan hasapçy bolupdy
Ýokary derejeli sazanda Akmyrat Çaryýew Bäherdeniň etegindäki Kelata obasynda dogulýar, onuň obadaşlaryndan dutar çalýany ýokdy. Dogrusy, obada ýeke dutar bardy, olam kitaphanada, saz guraly hökmünde däl-de, milli gymmatlyk hökmünde saklanylýardy. Kitaphanaçy bolsa ony oglanjyga kän bermezdi: bu gymmat zady döwäýmesin diýip çekinýärdi.
Erjel okuwçy onuň tarlaryna kakyp görerdi. Belki, dutar tarlaryndan çykýan owaz onuň göwün islegini beýan edendir. Onuň elinden tutup, saz öwredere halypasy ýokdy, dogrusy, diňleýjisem ýokdy.

Belki, Akmyrat Çaryýewem ata kesbini dowam edip, hasapçy bolardy, ýöne gaty üýtgeşik ýagdaý boldy – olaryň obasyna saza ukyply çagalary saýlap almak üçin Türkmen döwlet ýörite sazçylyk orta hünär mekdebiniň wekili geldi. Eger-de şeýle ýagdaý çeper edebiýatda beýan edilse ýa-da kinofilmde görkezilse, okyjy ýa-da tomaşaçy: «Durmuşda beýle zat bolmaýar» - diýerdi. Ýöne, o-da bolaýýan zat eken. Şeýdibem Akmyrat sazçylyk ýörite orta hünär mekdebiniň okuwçysy boldy.
Akmyrat Çaryýew – hut Sahy Jepbarowyň sazandasy
Sazandalaryň köpüsi ady belli Sahy Jepbarowyň sazandasy bolmagyň arzuwyndady. Ýöne oňa sazanda bolmak mümkin däl diýen gürrüň bardy. Ol özüne sazandarlara gaty täläpkärmişin, sazandalary diňe öz talabyna laýyk gelýänleri alýarmyş diýýärdiler.
Okuwyny tamamlandan soň Akmyrat Çaryýew filarmoniýada işläp başlady, Sahy Jepbarowam bu ýerde işleýärdi, soňra Teleradiogepleşikler baradaky döwlet komitetine işe geçdi, Sahy Jepbarowam käte bu ýere gelerdi. Sazandalar oňa: «Halypa!» diýerdiler, 1966-njy ýylda 19 ýaşly Akmyrat Çaryýew Çary Täçmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallary orkestriniň dutarçysydy. Bir gezek Sahy Jepbarow onuň ýanyna gelip, bile işleşmegi teklip etdi.
-Ol duýdansyz teklipdi, hem abraýdy hemem aladady, başarman öýdüp gorkýardym- diýip, Akmyrat Çaryýew ýatlaýar –Ýöne beýle ussada «ýok» diýibem bilmeýärdim. Bagşa sazanda bolmak bilen ýöne sazanda bolmaklygyň – ikisniň tapawudy gaty uly. Men ilki Sahy Jepbarowyň şagirdi boldum.
Ol: -Saz çalaňda sazyňdan ilki bilen özüň lezzet al, soňam ony diňleýjä ýetir.

Bagşy aýdym aýdanda oňa ganat bitip, uçýan ýaly bolýar. Sazandalar – bagşynyň ganatydyr. Meniň iki sazandam bar – sen hemem Ata Ablyýew. Eger bir ganatym beýlekiden ýokary bolsa, men dürs uçup bilmerin- diýerdi.
Gysga wagtda men halypanyň şägirdinden dostuna öwrüldim. Biz 11 ýyl, uly ussat dünýesini täzeleýänçe bile işleşdik. Şol döwürde men edil harby gullukda ýalydym. Sahy Jepbarow gaty düzgün-tertipli, talapkär adamdy, töweregindäkilerdenem şony talap ederdi. Ol bir ýere barmaly diýdimi, ýeke minudam gijä galmaly däldir. Ol hiç haçan sesine bat bermezdi, hat-da belligem etmezdi. Diňe: «Şujagaz ýerini gowula» - diýerdi.
Akmyrat Çaryýewiň «Mukamyň syry» kinofilmine surata düşüşi hakda
1972-nji ýylda Alty Garlyýew «Mukamyň syry» çeper kinofilmini surata düşürdi. Şol döwürde ol Türkmenistanyň medeniýetinde uly waka bolupdy. Filmi goýmaga iň güýçli şahsyýetler çekilipdi: Nury Halmämmedow onuň sazyny ýazsa, ilkinji zenan bagşy Karkaranyň keşbini döretmäge Ýelizaweta Garaýewa çagyrylypdy. Alty Garlyýew saz boýunça maslahatçy hökmünde Akmyrat Çaryýewi çagyrypdy. Aktýorlar saz çalyp bilmänsoň, olara dutar tutmagy öwretmelidi, penjesiniň hereketlerine syn etmelidi, özem hereketleriň tebigy bolmagyny gazanmalydy. Akmyrat Çaryýew aktýorlary bagşylaryň ýaryşyna taýýarlamalydy.
- Birdenem Alty Garlyýew maňa Döwranyň keşbini döretjek aktýor hökmünde garap başlady – diýip, Akmyrat Çaryýew ýatlaýar.

Ahyrsoňy ol:
-Bu seniň hut öz keşbiň!-diýdi.
-Men sazanda, aktýor däl.
-Bu ýerde saz aktýordan belentde- diýdi-de, Alty Garlyýew elime tekst berip, grim otagyna ugratdy.
Şeýdibem men filmde Döwranyň keşbini ýerine ýetirdim. Žurnalistler menden: «Kino düşmegi haladyňyzmy?» - diýip soraýarlar. Elbetde. Özüňi ekranda göreňde filme başgaça garaýaň.
Ýene bir syrymy açaýyn: basym meniň gatnaşmagymda «Hajy golak» filmi ekrana çykmaly.
Bilim artykmaçlyk edenok
- 1965-njy ýylda, meniň ýörite sazçylyk orta hünär mekdebini tamamlan döwrüm Türkmensitanda sazçylyk ýokary okuw mekdebi ýokdy. Meniň welin ýokary bilim alasym gelýärdi, şonuň üçinem Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girdim. Ony tamamlanymda hem Türkmen döwlet sungat pedagogik isntituty açyldy. Men: « Bilim artykmaçlyk edenok» - diýdim-de, dutar ugrundan bu instituty hem tamamladym.

Dutar bilen dünýä aýlanyp
Akmyrat Çaryýew köp ýurtlarda gastrolda boldy. Ol:«Dutarym bilen Hytaýdan başga ähli ýerde boldum»-diýmegi halaýar. Dogrudanam, dutar owazy fransuzlara, amerikalylara, iňlislere, bolgarlara, eýranlylara, arap ýurtlarynyň ençmesiniň ilatyna hezil beripdi.
-Wagt geçse-de, milli saza höwes peselmeýär-diýip, Akmyrat Çaryýew gürrüň berýär. - Her halkyň öz milli saz guraly bar. 1972-nji ýylda geçirilen «SSSR halklarynyň sungaty Parižde» festiwaly ýadymdan çykmaýar. Oňa 250 sazanda gatnaşdy, 2 aýda biz 68 konsert berdik. Men ullakan türkmen halysynyň öňünde çykyş edýärdim. Saz çalyp otyrkam sazyma düşünýärmikäler beri diýip käte bir zala serederdim. Olaryň bolşundan milli sazyň terjemiçisizem düşnüklidigi barada pikire geldim.
Akmyrat Çaryýew – halypa
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Akmyrat Çaryýew bilen söhbetdeş bolup otyrkak, onuň ýanyna talyp ýigit Toýly Çaryýew eli dutarly geldi. Biz tanyşdyk: Toýly Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk orta hünär mekdebini tamamlap, konserwatoriýa okuwa giripdir. Häzir ol birinji ýyl talyby bolsa-da, eýýäm Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewiň söwer şägirtleriniň biri.
- Men Toýly bilenem gatnaşygymyzyň edil Sahy Jepbarow ikimiziňki ýaly bolaryny isleýärin –diýip, Akmyrat Çaryýew gürrüň berýär. –Aslynda welaýatlaryň ählisinde şägirtlerim bar, olaryň köpüsi çagalara dutar çalmagy öwredýärler. Şeýlelik bilen tutuş ýurdumyzda dutar sazandarlygy ýoly dowam edýär.
Akmyrat Çaryýew – mukamçy kompozitor
Sazanda-solist Akmyrat Çaryýew telewideniýede, konsertlerde ýerine ýetirilýän 60 aýdymyň sazynyň awtory.Olaryň arasynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň goşgusyna «Arkadag», «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýaly belli aýdymlar bar.
Ýurdumyz dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi üçin ÝUNESKO ýüz tutanda, onuň ýanyna Akmyrat Çaryýewiň Geldi Bäşiýewiň sözlerine döreden «Dutar hakda aýdymynyň» ýazgysy hem goşulypdy.
Türkmenistanlylar dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamany alanda bu şatlykly wakanyň baýramynda 100 adamdan ybarat hor «Dutar hakda aýdymy» ýerine ýetirdi.
- Men bu sazy tolgunyplar diňleýärin – diýip, Akmyrat Çaryýew ýatlaýar- Ykbalymyň aýrylmaz bölegine öwrülen şu saz guralyny döreden tutuş halkyma buýsanç we bagt ýüregimi joşdurýar.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61619/turkmenistanyn-halk-artisti-akmyrat-caryyewin-durmusyndan-birnace-pursat