ÖZ HALKYNA BAGYŞLANAN DÖREDIJILIK

photo

Türkmen milli drama teatrynyň düýbüni tutujylaryň biri Bazar Amanowyň terjimehaly şeýle setirler bilen başlanýar: «Men, Bazar Amanow, 1908-nji ýylyň 5-nji maýynda Tejen uýezdiniň Birinji Babadaýhan obasynda dünýä indim...»

Ol sada, daýhan maşgalasynda dogulýar. Ir ýetim galyp, internatda terbiýelenýär, durmuşynda teatr sungatyna gulluk etmek höwesi döreýänçä dogduk obasynda zähmet çekýär. 1926-njy ýylda geljekki artist ýaňy döredilen türkmen teatr studiýasyna kabul edilýär. Ýöne oba oglanyna okuwa giräýmek aňsat düşmändi.

Studiýanyň ýolbaşçysy Bazar Amanowda artistlik ukybyny görmeýärdi. Ol özüne we beýlekilere hökman artist boljakdygyny subut etmek üçin türkmen nusgawy hem-de öz döwürdeş şahyrlarynyň goşgularyny ýat tutýar, netijede yhlasy ýerine düşüp, onuň durmuşynyň teatr bilen baglaşykly döwri başlanýar.

Ilkinji taýýarlyklar, ilkinji spektakllar aktýory barha özüne çekýärdi, Mollanepes adyndaky drama teatryň ýanynda režisýorlyk topary açylanda Bazar Amanow oňa-da gatnap ugraýar. Ol diňe bir režisýorlar bieln däl, eýsem dramaturglar bilenem köp jedel ederdi, olara nähili ýazmalydygyny salgy bererdi, tizara onuň özi hem galama ýapyşýar-da, dürli temalardan pýesalaryň 15-sini döredýär.

Gündogar poeziýasyna we dramaturgiýasyna belet Bazar Amanow XIX asyr türkmen şahyry Mollanepesiň belli «Zöhre-Tahyr» dessany esasynda özboluşly adybir spektakly sahnalaşdyrýar. Soňra ol bu barada şeýle ýazypdy:

«Zöhre-Tahyr» dessanynyň sahnada goýulmagy diňe bir teatrymyzyň däl, eýsem tutuş respublikanyň medeni durmuşynda şatlykly uly waka boldy, Dessanyň goýulmagy halky teatr, teatry bolsa halk bilen jebisleşdirdi».

Bazar Amanow tiz wagtdan «Keýmir kör» milli pýesany goýmak baradaky ýene bir arzuwyny durmuşa geçirdi, ol wagtyň geçmegi bilen türkmen dramaturgiýasynyň altyn gaznasyna girdi. Bu eser taryhy gahryman Keýmir kör barada rowaýatlar esasynda ýazylypdy.

60-njy ýyllarda dramaturg «Kemine», türkmen halk ertesiniň esasynda ýazylan «Aýazhan», nusgawy türkmen şahyry hakynda «Mollanepes» terjimehal dramasy ýaly ajaýyp pýesalary döredýär.

Bazar Amanowyň kino işlerini-de agzamak gerek. Ol «Jadyly dür», «Çopan ogly», «Aýna» we beýleki filmlerde surata düşüpdi. «Japbaklar» (1972 ý) filmindäki Kelek baýyň keşbi üýtgeşik ýatda galyjy çykdy.

Aktýoryň edebi işleri onuň adyny ebedileşdirdi. 1983-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çagalar kitaphanasyna halk artisti Bazar Amanowyň ady dakyldy.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61472/oz-halkyna-bagyslanan-doredijilik