ADAM ADY – HALKYŇ TARYHY WE MEDENI MIRASY

photo

Türkmen halkynda adam atlary mazmuny, gelip çykyşy we manysy boýunça birmeňzeş däldir, olaryň döremegi bilen baglanşylykly rowaýatlardyr etnografik däpler dürli-dürlüdir. Adam ady onuň ykbalyny kesgitleýär diýilýär, şonuň üçinem at saýlamak her maşgalada möhüm waka hasaplanylýar. Bäbegiň ata-enesi onuň adyna kybap güýçli, päk, adalatly, mähirli bolmagyny arzuwlaýar. Türkmenlerde «Ýagşydan at galar... » – diýilýär.

Adatça ata-eneler çagasynyň adynyň bagt, üstünlik, abadançylyk getirýän owadan bolmagyny isleýärler. Şonuň üçinem türkmenlerde Döwlet, Aman, Esen, Eziz, Begenç we Guwanç, Bagty, Kömek, Akjemal we beýleki atlar ýörgünlidir.

Gnüdogar halklaryň köpüsinde, şol sanda türkmenlerde hem atlar ata tarapdan we erkek atlaryndan gelip çykypdyr. Ilkinji çaga gyz bolsa, onda ata-enesi oňa Ogulgerek, Ogulşat, Ogulbaýram ýaly we ş.m. oglanyňka meňzeş at beripdirler. Ogul çaga bolman, ýöne gyz dogulýan bolsa, onda Bessir, Gyzsoňy ýaly at dakypdyrlar.

Ara-eneler çagasy güýçli, gujurly we gelşikli bolsun diýip arzyly at dakýarlar. Meselem, Batyr, Arslan, Güýç. Owadan bolsun diýip Gözel, Owadan, Jemal, Sona atlary berilýär. Käte «owadan» sözi has güýçli bolar ýaly goşa at dakylýar, mysal üçin, Ýazjemal.

Türkmen maşgalasynda haýsy çaganyň ilki doglanlygyny bilmek kyn däl. Meselem, Akmyrat, Akmämmet, Aknur, Aknabat, Akgül ilkinji doglan çaga atlarydyr. Käte köp çagaly maşgalalarda Çary, Bäşim, Alty ýaly sanawly atlaram bolýar. Ösümlikler bilen bagly atlaram meşhurdyr. Meselem gyzlaryň arasynda, Ejegül, Bägül, Gülälek, Gülnar, Gunça.

Mifiki jandarlaryň ady bilen baglanşykly atlaryň döreýşem gyzyklydyr. Meselem, Humaý – mifiki öňden görüji guş ady. Rowaýata görä, onuň kölegesinde saýalan adamlara tükeniksiz baýlyk berilýärmiş, olar müdimi bagtly bolýarmyş. Maýa ady jadyly Akmaýa düýesi bilen baglanşykly. Ol adamlara kömek edipdir, onuň süýdi ýaralary bitiripdir.

Çagasynyň kynçylyksyz ýaşamagyny isläp, ata-enesi gymmatly daş atlaryny: Altyn, Tylla, Kümüş, Göwher ýaly at dakypdyr. Gyzlaryň käbiriniň ady Aý bilen baglanşykly: Aýsoltan, Aýjan.

Yslam dininiň döremegi bilen bagly atlaram bar. Dört çaryýarlar –Abubekiriň, Omaryň, Osmanyň, Alynyň atlary muňa mysal bolup biler. Alla, Hudaý atlary bilen bagly Allaberdi, Hudaýberdi, Allaguly we Hudaýguly atlary hem dakylýar. Juma ýa-da Anna atlylaryň ady hepdäniň mübärek güni bilen baglydyr. Käte çaganyň doglan aýy hem ulanylýar. Olardan musulman aý atlary: Aşyr, Sapar, Rejep, Meret, Oraz, Baýram we Gurban atlaryny görkezse bolar.

Eger çaga baýramda dogulsa, onda köplen Baýram ýa-da Baýramgeldi, gyza Baýramgül ady dakylýar. Halk arasynda halanylýan Gurban aýy doglanlara Gurbanmyrat ýa-da Gurbandurdy, Remezan aýy dünýä inenlere Orazmyrat, Orazguly ýa-da Orazdurdy ady berilýär.

Käte onuň ady howa ýagdaýy we ýylyň pasly bilenem bagly bolup biler. Gündogdy, Aýdogy, Garýagdy, Nurýagdy, Ýazdurdy atlary muňa mysaldyr.

Türkmenlerde Parahat ady has meşhurdyr. Ol türkmenleriň tutuş dünýäde parahatçylyga arzuwyny beýan edýär, 1995-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini almagam muňa şaýatlyk edýär.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61420/adam-ady-halkyn-taryhy-we-medeni-mirasy