ÝAZLYK SOGAN EKIŞI ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILDI
Daşoguz welaýatynda ýazlyk sogan ekişi martyň birinji ýarymynda üstünlikli tamamlandy. Ýokary derejede guramaçylykly geçirilen işleriň netijesinde, ýurdumyzyň demirgazyk sebiti üçin kabul ederlikli möhletde öten ýylkydan iki esse diýen ýaly uly meýdana sogan ekildi.
Ekiş serişdesi hökmünde ösen kök ulgamy dürli howa şertlerine durnukly bolmaga mümkinçilik berýän, ýerli howa şertlerinde we bu ýere mahsus toprakda ösüp ýetişmäge gowy uýgunlaşan dürli seçime degişli düýp sogan sortlary ulanyldy. Olaryň ählisi-de şu ýerler üçin kabul ederlikli ösüş möhleti, ir ýetişgenligi we ýokary hasyllylygy, dürli kesellere durnuklylygy bilen tapawutlanýarlar, şonuň üçin-de uzak wagt saklamaga we uzak ýola eltilmäge niýetlenendirler.
Soganyň ýaz ekişi üçin iň uly meýdanlar Gurbansoltan eje we Nyýazow adyndaky etraplarda bölünip berildi, bu ýerde ol, degişlilikde 550 (bäş ýüz elli) we 490 (dört ýüz togsan) gektara ekildi. Ýurdumyzda azyk bollugyny berkitmek we ilatyň ýokary hilli dürli oba hojalyk önümine, şol sanda gök önüme-de bolan islegini doly kanagatlandyrmak boýunça wezipelere laýyklykda, şu ýyl Daşoguz welaýatynyň beýleki etraplarynda-da sogan önümçilginiň esli artandygyny bellemelidiris. Özi-de onuň ýokary hasylylygyny ýerli suw we toprak gorlarynyň we ýöriteleşdirilen kuwwatly oba hojalyk tehnikasynyň has netijeli ulanylmagy, şeýle hem zerur bolan ähli agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary derejede geçirmek arkaly gazanylmagy göz öňünde tutulýar.
Daşoguz welaýatynda soganyň köpçülikleýin öndürilmegi bu ekini ösdürip ýetişdirmekde gazanylan baý tejibe bilen öňdebaryjy häzirki zaman tehnologiýasyny üstünlikli utgaşdyrýar. Bu ýerde her ýyl güýzlük sogan ekişi-de geçirilýär, soňky ýyllarda bolsa bu ýerde gyşlyk sogany ösdürip ýetişdirmek-de üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň ýaly strategiýa sarp ediş bazarynyň möhüm önüm bilen ýylboýy durnukly üpjün bolmagyna alyp barýar.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61646/yazlyk-sogan-ekisi-ustunlikli-gecirildi