AGAÇLARYŇ WE GÜLLERIŇ ÝAZ EKIŞINE TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR
Şu günler Daşoguz şäherinde şäher çäklerini arassalamak we abadanlaşdyrmak boýunça ýerli kärhananyň hünärmenleri agaç nahallaryny ekmek üçin, toprak taýýarlygyny geçirýärler. Howanyň maýlamagy bilen, şäheriň ýaşyl gözelligini artdyrjak, onuň bag we seýilgählerini bezejek köp sanly daragt, gyrymsy agaç we gül ekmek göz öňünde tutulýar. Ekiş serişdesiniň esasy bölegi kärhananyň bäş gektar ýylakbajany we açyk nahalhanany içine alýan öz ýerinde taýýarlanypdyr. Olarda ösdürilip ýetişdirilen dürli görnüşli tuýa, dagdan, güjüm, derek, tut ýaly daragtlar we gülleriň, şol sanda mahmal gülleriň, dyrnakgüllüleriň, petunýanyň, bägülüň, kallanyň, sinniniň, katarantusyň onlarça görnüşi seýilgähleri, meýdançalary, bagýodalary, ulag ýollarynyň zolaklaryny, çemenlikleri we dolandyryş merkeziniň çemenleridir gök diwarlaryny bezär.
Hünärmenleriň tagallasy bilen, şäheriň gök ekinli ýerleriniň ählisi-de onuň binagärçiliginiň üstüni ýetirýär we baýlaşdyrýar. Daşoguzyň her ýyl daragtdyr gyrymsy agaçlar oturdylýan, olaryň başlaryna şekil berilýän, kesim işleri geçirilýän bag we seýilgählerine häzirki zaman ajaýyp täze binalary we göni giň ulag ýollary bolan şäheriň owadan keşbini nygtaýan kadaly ugruň mahsusdygyny bellemelidiris.
Bu ýerde ýaşyl ýerleriň ekologiýany we şäher şertlerinde ilatyň ýaşaýyş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak üçin, oýlanyşykly ulanylmagynyň-da ähmiýeti az däldir.
Dannawsyzlygy sebäpli, bagbanlaryň we bu ugurdan hünärmenleriň arasynda meşhur bolan tuýa, şol sanda, çür başynyň şekili sebäpli togalak tuýa (Thuja orientalis) diýlip hem atlandyrylýan tuýa hemişe gök öwsüp duran köp ýyllyk ösümlikleriň sanynyň şäherde çalt köpelýändigi tötänden däldir. Ol bagbanlaryň arasynda gündogar tuýasy ýa-da ýata ýazgyn arça diýlip tanalýar.
Tuýa düzüminde köp fitonidsidler bolan ösümlikleriň arasynda aýratyn orny eýeleýän hasaplanýar, özi-de bu madda onuň ähli görnüşinde bar. Tuýa ysynyň kömegi bilen güýjüňi çalt hem ymykly dikeltmek we diňe bir fiziki däl, eýsem ruhy ýadawlygy hem aýryp bolýar. Düzüminde fitonisidler bolany sebäpi, daşky gurşawyň gowulaşmagyna we şäher howasynyň arassalanmagyna ýata ýazgyn arça-da peýdaly täsir edýär.
Derek bolsa, käbir hünärmenleriň pikiriçe, köçe tozanynyň, hapasynyň we tüssesiniň 70%-ini gaýtadan işlemäge ukyply. Özi-de, onuň kesel dörediji mikroblary öldürmek ukyby bar. Güjüm hem howany arassalap bilýär, tut agajy bolsa ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek we gurak howanyň ýaramaz täsirlerini gowşatmak arkaly, ýerli ekologiýa peýdaly täsir edýär.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61464/agaclaryn-we-gullerin-yaz-ekisine-tayyarlyk-gorulyar