TÜRKMENISTANYŇ FRANSIÝADAKY ILÇIHANASY NOWRUZ BAÝRAMY MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRDI

photo

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň ilçihanalarydyr BMG-däki wekilhanalary bilen bilelikde Nowruz baýramy mynasybetli çäre geçirdi.

ÝUNESKO-nyň baş karargähinde guralan bu çärä ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azule, Fransiýanyň dürli ministrlikleriniň we müdirlikleriniň işgärleri, halkara guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem ÝUNESKO-da we Parižde ynanç bildirilen diplomatik korpuslar gatnaşdylar.

Çäräniň myhmanlary atlary agzalan ýurtlaryň halk döredijiliginiň sergisi bilen tanyşmak, milli tagamlaryny dadyp görmek, şeýle hem baý mazmunly konsert programmasyndan lezzet almak mümkinçiliginden peýdalandylar.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň sergi stendinde el halylary, milli lybaslar, zergär önümleri, dürli sowgatlar we Arkadagyň kitaplary goýlupdy.

Nowruz 2016-njy ýylda 12 ýurduň (Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň) milletlerine degişli umumy miras hökmünde ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilipdi.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61676/turkmenistanyn-fransiyadaky-ilcihanasy-nowruz-bayramy-mynasybetli-care-gecirdi