FUTBOL BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ MILLI ÝYGYNDYSYNA BAŞ TÄLIMÇI BELLENILDI
Ýurdumyzyň Futbol federasiýasy Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Said Seýidowyň futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini habar berdi.
Said Seýidow Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Gennadiý Duraşýowyň şägirdidir. Ol oýunçy hökmünde Aşgabadyň «Kolhozçy», Özbegistanyň «Zwezda-Buston» we Jyzak şäheriniň «Sogdiana», şeýle hem ýurdumyzyň «Köpetdag», «Merw», «Ahal», «Nebitçi», «Nisa» we «Turan» toparlarynda oýnady.
1991-nji ýylda bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk guramçysy hünäri boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyny tamamlady.
Ol «Büzmeýin», «Galkan», «Nisa», «Köpetdag», «Aşgabat», «Ahal», şeýle hem Özbegistanyň «Nawbahor», «Akademiýa Maşýal», «Nasaf» we «Buhara» toparlarynda tälimçi bolup işledi.
Said Seýidow 2015-nji ýylda Aşgabadyň «Köpetdagyny» milli ýokary liga çykardy, 2018-nji ýylda şu klub bilen Türkmenistanyň IIM-niň Kubogyny eýeledi.
Said Seýidow Türkmeinstanyň ýygyndysyny 2023-nji ýylyň Aziýa Kubogy ugrundaky jemleýji saýlama tapgyra taýynlar. Ýurdumyzyň baş toparynda oňa tälimçiler Kamil Mingazow, Begenç Garaýew we derwezebanlaryň tälimçisi Pawel Matus kömek ederler.
2023-nji ýylyň Aziýa Kubogy ugrundaky ýaryşa saýlama jemleýji tapgyrda «E» toparda Türkmenistanyň ýygyndysy Bahreýniň, Malaýziýanyň we Bangladeşiň toparlary bilen duşuşar. Toparyň ähli oýny 8-14-nji iýun aralygynda bir aýlawda Malaýziýada geçer.
2023-nji ýylyň Aziýa Kubogy ugrundaky ýaryşyň final bölegine alty toparyň ýeňijileri we ikinji orny eýelänlerden güýçlileriň bäşisi çykar.
Aziýa yklymyndaky esasy futbol ýaryşy Hytaýyň şäherleriniň onusynda –Pekinde, Týanszinde, Şanhaýda, Çunsinde, Çenduda, Siande, Dalýande, Sindaoda, Sýamynde we Syçžouda geçiriler.
Türkmen futbolçylary Aziýa Kubogy ugrundaky ýaryşyň final tapgyrynda iki gezek çykyş etdiler. Ilkinji gezek – 2004-nji ýylda Hytaýda, 2019-njy ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen ýaryşa gatnaşypdylar.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61964/futbol-boyunca-turkmenistanyn-milli-yygyndysyna-bas-talimci-bellenildi