TÜRKMENISTANLY FUTZALÇYLAR AZIÝA KUBOGY – 2022 ÝARYŞYNYŇ SAÝLAMA TAPGYRYNA GATNAŞÝARLAR
Futzal boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 10-12-nji aprelde Aziýa Kubogy -2022 ýaryşynyň saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin Bişkege gitdiler.
Türkmensitanyň Futbol federasiýasynda habar bermegine görä, milli ýygyndynyň futbolçylary Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Türkmenabada uçdular, ol ýerdenem awtobusly «Farap» BGN-na bardylar. Serhetden geçmek üçin zerur amallardan geçibem, topar Özbegistana bardy.
Saýlama ýaryşdan öň Türkmenistanyň ýygyndy topary Daşkentde kiçeňräk okuw-türgenleşigiň çäklerinde özbek toparlaryň ikisi bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.
Ýygyndymyzyň hataryndaky 15 futzalçynyň 7-si ýurdumyzyňyň häzirki iki gezek çempiony Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Deňizçi» toparyndan, 4-si ýurdumyzyň wise-çempiony, Içeri işler ministrliginiň «Köpetdagyndan», 3-si – Milli superliganyň bürünç baýragynyň eýesi, Döwlet gümrük gullugynyň «Gümrükçi» toparyndan we 1-i Goranmak minstrliginiň «Milli goşun» toparyndadyr.
Aziýa Kubogy – 2022 ýaryşynyň saýlama ýaryşynda «Merkez we Günorta» birleşen zolagyň «A» toparynda Türkmenistanyň ýygyndy topary ilkinji oýunda 10-njy aprelde meýdança eýeleri – Gyrgyz Respublikasynyň futzalçylary bilen duşuşar. Ertesi Aziýanyň 12 gezek çempiony eýranlylar bilen duşuşar we 12-nji aprelde Maldiwleriň toparynyň garşysyna oýun bilenem saýlama ýaryşy jemlär.
«B» toparda Bişkekde Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň we Nepalyň ýygyndylary çykyş ederler.
Ýaryşyň final bölegine her topardan ikisi çykar.
Kuweýtde 25-nji sentýabrdan 20-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Aziýa Kubogy -2022 ýaryşyna konfederasiýa agza ýurtlaryň 16-synyň güýçli ýygyndylary gatnaşarlar.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/62041/turkmenistanly-futzalcylar-aziya-kubogy-2022-yarysynyn-saylama-tapgyryna-gatnasyarlar