ERKIN GÖREŞ BOÝUNÇA ILDEŞLERIMIZ HALKARA ÝARYŞDA ALTYN WE KÜMÜŞ MEDAL GAZANDYLAR

Rumyniýada ýetginjekleriň (17 ýaşdan uly bolmadyk) arasynda geçirilýän «Constantin Alexandru & Ioan W. Popovici» erkin göreş boýunça ýaryşda türkmen pälwanlary altyn we kümüş medallary gazandylar.

Ýaryşda 15 ýurtdan gelen türgenler baýrakly orunlar üçin bäsleşdiler.

Biziň toparymyzda altyn medaly Alp Arslan Begenjow gazandy. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdep-internatyň 9-njy synp okuwçysy bu ýeňşe 65 kg. çenli agram toparynda mynasyp boldy. Kümüş medaly bolsa Aşgabadyň umumy bilim berýän 7-nji mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy 55 kg. çenli agram toparynda gazandy.

Medala mynasyp bolanlaryň ikisi-de Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň baş tälimçisi, Ýapyk binalarda geçirilýän oýunlar we göreş sungaty bounça V Aziýa ýaryşynyň kümüş medalçysy Batyr Orazgylyjowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler.

Erkin göreş boýunça ildeşlerimiz halkara ýaryşda altyn we kümüş medal gazandylar (turkmenistan.gov.tm)